Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerinde 28 Ýurt 30 Göçme Hassahana Gurdy

Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerinde 28 Ýurt 30 Göçme Hassahana Gurdy

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň Türkiýä berilýän kömekler dowam edýär.

Daşary işler ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda görä, ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde 28 ýurt 30 göçme hassahana gurdy.

Häzire çenli 130 müň 785 çadyr, 1168 konteýner bilen 1676 sany göçme hammam we hajathana Türkiýä getirildi.

Ýer titremelerinden soň daşary ýurtlardan 1 million 602 müň 270 ýorgan, 83 müň 844 krowat, 29 müň 266 sany generator, 6 müň 312 tonna geýim, 3 müň 476 tonna gigeniki we lukmançylyk enjamlary bilen 5 müň 981 tonna azyk kömegi geldi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Göçme howa goranyş ulgamy SUNGUR TÝG-niň düzümine goşuldy
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
Balkanda 'dedowşina' zerarly sekiz esger harby gullukdan gaçdy
Göçmekden ýüz öwren hytaýlynyň öýüniň daşyndan ýol gurdular
Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi