Göçmekden ýüz öwren hytaýlynyň öýüniň daşyndan ýol gurdular

Göçmekden ýüz öwren hytaýlynyň öýüniň daşyndan ýol gurdular

Hytaýda hususy öýüň daşyndan aýlaw görnüşinde awtoulag ýoly guruldy, sebäbi gozgalmaýan emlägiň eýesi bolan zenan başga ýere göçmekden ýüz öwürdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, Lýan familiýaly aýalyň öýi Guanžou ülkesinde ýerleşýär. Ol öz melleginiň täze awtoulag ýolunyň geçmeli ýerinde ýerleşýändigini bilip, göçmekden ýüz dönderdi. Zenan hökümetiň özüne teklip eden täze öýüniň ýaramandygyny gürrüň berdi. Indi öýüniň iki tarapyndaky penjirelerden awtoulag köprüsiniň görünýändigine garamazdan, Lýan özüniň gelen netijesiniň dogrudygyny aýdýar.

Ýerli häkimiýetler onuň pul kömeginiň teklip edilse-de, ýüz öwrendigini gürrüň berýärler. Emma olar her niçigem bolsa, Lýan bilen ylalaşyga geljekdiklerine ynanýarlar. Inženerler köprüniň gurluşygynda onuň öýüniň howpsuzlygyndan ugur alnandygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Göçme howa goranyş ulgamy SUNGUR TÝG-niň düzümine goşuldy
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
Balkanda 'dedowşina' zerarly sekiz esger harby gullukdan gaçdy
Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi