Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi

Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň daşary ýurtlaryň uly kömek berendigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglu, paýtagt Ankarada Liwanyň Daşary işler ministri Abdallah Buhabib we Ulaglar ministri Ali Hamiýýe bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ýer titremeleriniň yzy ýanyndan degişli guramalaryň tebigy apatyň başdan geçirlen sebitlerine gidendigini we daşary ýurtlardan Türkiýä gözleg we halas ediş toparlarynyň gelmegi üçin işe girişendiklerini aýdan Çawuşoglu “120 ýurtdan kömek teklibi geldi. 90 ýurtdan gözleg, halas ediş we saglygy goraýyş topary geldi.

Göçme hassahanalar guruldy we bize uly kömek berdiler. Ýene-de bir gezek bize kömek beren ähli ýurtlara we guramalara sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Daşary ýurtlardan hazire çenli 93 müň 637 çadyryň gelendigini aýdan Çawuşoglu, konteýnerler bilen bagly işleriň hem dowam edýändigini nygtady.

BMG-nyň hem 3 aýyň içinde Türkiýä 1 milliard dollarlyk gyssagly kömek berilmegi üçin çagyryş berendigini ýatladan Mewlüt Çawuşoglu, “BMG-nyň başda durmagynda dünýä ýurtlarynyň bize uly kömek berendigini görýäris” diýdi.

ÝB-niň Türkiýä goldaw berilmegi üçin halkara konferensiýa geçirendigini ýatladan Daşary işler ministri Çawuşogly, geljek kömekleriň ulanylmagy üçin degişli guramalar bilen gepleşik geçirendiklerini aýtdy.

Liwanyň Daşary işler ministri Buhabib bolsa, “ Doganlyk ýurt Türkiýä kömek berýäris. Agyr günleri başdan geçiren günlerimizde Türkiýe hem bize uly kömek beripdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
1490 Adamy Sudandan Çykardyk
Türkiyäniň raýatlarynyň Sudandan ewakuasiýa tapgyry tamamlandy