BMG-nyň Baş sekretary Antonio Gutterişiň hasbatyna görä, Türkmenistan öz raýatlaryny adam hukuklary boýunça halkara guramalary, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlyk edendigi üçin yzarlaýan 38 ýurduň biri bolup durýar. Bu barada “Roýters” habar agentligine salgylanyp, “Gündogar” saýty habar berýär.
Bu ýurtlarda repressiýa ýa-da aktiwistleri garaşsyz habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk üçin ölüm, gynamak we eden-etdilikli tussag etmek hadysalary boldy.
BMG-nyň Baş sekretarynyň pikirine görä, raýatlary BMG bilen hyzmatdaşlyk üçin jezalandyrmak “masgaraçylykly praktika” we ony köki bilen köwlemek zerur.
Gutterişiň hasabatynda Türkmenistan bilen bir hatarda Bahreýn, Kamerun, Mýanma (Birma), Hytaý, Kuba, Saud Arabystany, Türkiýe, Orsýet federasiýasy, Gyrgyzystan we beýleki ýurtlar bar.
Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy planlaşdyrýar.
Döwlet baştutany soňky gezek BMG-niň Baş Assambleýasynda 2015-nji ýylda çykyş etdi.