
Orsýetiň baş mobil telefon operatory MTS anna güni, Türkmenistanda işleýän aragatnaşyk hyzmaty kärhanasynyň 2017-nji ýylda ýurduň telefon ulgamyndan kesilendigi üçin,Türkmenistanyň üstünden suda şikaýat edendigini aýtdy diýip, “Roýters” habar gullugy 27-nji iýulda habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, MTS Türkmenistanyň gelen karary esasynda azyndan $750 million zyýan çekdi.
MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda kesildi.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-news-app {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-news-app img {
display: none;
}
#GR-952-news-app:hover {
outline:2px solid #EA6903;
}
#GR-952-news-app .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-news-app span {
color: #EA6903;
}
#GR-952-news-app p {
font-size: 16px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 480px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 18px;
}
#GR-952-news-app img {
display: block;
width: 72px;
}
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 20px;
}
#GR-952-news-app img {
width: 152px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň
MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow şol gün Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Aşgabadyň zerur bolan käbir rugsatnamalaryň möhletini uzaltmandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol MTS-iň işini dikeltmek boýunça “Türkmentelekom” bilen gepleşýändigini, sebäbi kompaniýanyň Türkmenistanda işlemegine berlen ygtyýarnamanyň möhletiniň 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda tamamlanýandygyny aýtdy.
MTS-iň Inwestisiýa dawalaryny çözýän halkara merkezine, Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän halkara arbitraž edarasyna şikýat bilen ýüz tutmagy “MTS-Türkmenistanyň” Türkmenistanda işlemek boýunça alan ygtyýaramasynyň möhletiniň hakykakatda dolýan wagtynyň bir gün soňuna gabat geldi.
MTS-iň Türkmenistandaky işiniň togtamagy bilen bir hatarda Aşgabatda “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň işe başlajakdygy, onuň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygyň teklip edýändigi barada maglumatlar çykdy.
Emma MTS bu maglumatlara düşündiriş bermekden saklandy. Ýöne muňa garamazdan, Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleriniň, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmileriniň beren maglumatlaryna görä, rus kompaniýasynyň iş rugsadynyň uzaldylmajakdygy geçen ýylyň iýun aýynda duýdurylypdyr.
Bu kararyň arkasynda ýokary derejeli hökümet wekilleriniň goldawy esasynda döredilýän “Aý Nazara” artykmaç mümkinçilik döretmek niýeti gizlenýär diýip, hökümete ýakyn çeşme Azatlyga aýtdy.
MTS geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistandaky mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny bes etmegi netijesindeçeken zyýanynyň 2017-nji ýylyň üçünji çärýeginde 1,1 milliard rubl, ýagny 18,3 million amerikan dollary möçberinde bolandygyny habar berdi.
Rus kompaniýasynyň maglumatyna görä, onuň Türkmenistandaky müşderileriniň sany 2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde 1 million 700 müň adama barabar bolupdyr.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-telegram {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-telegram img {
width: 60px;
}
#GR-952-telegram:hover {
outline: 2px solid #61a8de;
}
#GR-952-telegram .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-telegram span {
color: #61a8de;
}
#GR-952-telegram p {
font-size: 18px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-telegram p {
font-size: 21px;
}
#GR-952-telegram img {
width:130px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň
MTS Türkmenistandaky işini 2010-njy ýylda hem togtatmaly bolupdy. Şonda kompaniýa öz iş ygtyýarnamasynyň togtadylmagynyň “hiç wagt doly esaslandyrylmandygyny” aýdypdy. Ýöne ol soňra, 2012-nji ýylda ýene türkmen bazaryna dolanyp geldi we işi, geçen ýylyň sentýabrynda,ikinji gezek togtadylýança işledi.
Türkmen metbugaty ýurtda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ygtyýarnamalarynyň möhletinden öň togtadylmagy, daşary ýurt maýadarlarynyň Türkmenistanda häkimiýetleriň kanuny taýdan esaslandyrylmak kararlary esasynda çeken zyýanlary we halkara arbitraž sudlaryna edilýän şikaýatlar barada maglumat bermeýär.
Şol bir wagtda, ekspertleriň pikirlerine görä,nebit bahalarynyň arzanlamagy, Aşgabadyň Moskwa, Tähran ýaly gaz alyjylaryny ýitirmegi, munuň üstesineýurtdaky köp milliard dollarlyk gurluşyk proýektleriniň dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan barha köp daşary ýurt maýasyna mätäç bolýar.