APEK-iň ýolbaşçylar ýygnagy geçirildi

18-19-njy noýabrda Tailandyň paýtagty Bangkokda Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) forumyna gatnaşýan liderleriniň duşuşygy geçirildi.

Sammite Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 21 ýurdundan döwlet Baştutanlary, degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary, hususy pudagyň wekilleri we halkara jemgyýetçilik guramalary gatnaşdy.Her ýylda geçirilýän bu duşuşygyň barşynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň durnukly ösüşiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu forum, 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirildi.Sammitiň esasy wakalary iki umumy mejlisde jemlenip, durnukly ösüşe, söwda we maýa goýumlaryny ösdürmäge bagyşlandy.

Forumyň dowamynda oba hojalygyny ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, maslahatda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek we howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak üçin has köp tagallalaryň zerurdygy bellenildi.

Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy sebitiň 21 ykdysadyýetiniň söwda we maýa goýumlaryny ýeňilleşdirmek we liberallaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk forumydyr.Oňa Awstraliýa, Bruneý, Kanada, Indoneziýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Täze Zelandiýa, Filippinler, Singapur, Tailand, ABŞ, Taýwan, Gonkong, Hytaý, Meksika, Papua Täze Gwineýa, Çili, Peru, Russiýa, Wýetnam gatnaşýar.

Forumyň maksady ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak, sebitdäki abadançylygy we Aziýa-Ýuwaş umman jemgyýetini güýçlendirmekden ybaratdyr.

Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýolbaşçylarynyň indiki duşuşygy 2023-nji ýylda ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde geçiriler. Gatnaşýan ýurtlarda dünýä ilatynyň, takmynan, 40%-i ýaşaýar, jemi içerki önümiň, takmynan, 54%-ini we dünýä söwdasynyň 44%-ini eýeleýär. Birleşik 1989-njy ýylda Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň Premýer-ministrleriniň başlangyjy bilen Kanberrada döredildi.

Ýene degişli makalalar

Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
OPEC döredildi
Baýden Putine sögdi
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi
Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady