11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanda BMG bilen strategiki maslahat beriş geňeşi döredildi, Aşgabatda TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler, Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum forumyna gatnaşyjylary hasaba alyş işleri dowam edýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy strategik maslahat beriş geňeşini döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu çözgüt BMG we onuň düzüm birlikleri bilen milli taslamalary hem-de halkara başlangyçlary ulgamlaýyn esasda alyp barmaga gönükdirilendir.

2. 11 13-nji mart aralygynda Aşgabatda Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

3. 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylary hasaba almak işleri dowam edýär.Bu abraýly çäre Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri tarapyndan Türkmen Forum hojalyk jemgyýeti hem-de GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Foruma gönüden-göni gatnaşmak üçin hasaba alynmagyň iň soňky möhleri 5-nji aprel, onlaýn gatnaşmak üçin hasaba alynmagyň ahyrky möhleti bolsa 19-njy aprel.Has giňişleýin maglumaty çäräniň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.

4. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralary assosiasiýasynyň doly hukukly agzasy bolar. Bu çözgüt türkmen tarapynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Birleşigiň Baş Assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi.

5. Şu ýylyň 27-28-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri atly halkara maslahat geçiriler.BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasyndan, Bütindünýä mirasyň sanawyna girizilen şäherleriň halkara guramasyndan, Gruziýadan, Şri-Lankadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Şwesiýadan, Ýaponiýadan we Eýrandan görnükli myhmanlar foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.

Forumyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat we iş duşuşyklary geçiriler hem-de syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekiler. Ýyldyz myhmanhanasynyň eýwanynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guralar.

Dünýäde

6.Mumbaý şäherinde Dünýäniň gözeli atly 71-nji gözellik bäsleşigi tamamlandy.Arzuwly täje we ýeňiji diýen ada Çehiýanyň wekili 23 ýaşly Kristina Pyşkowa mynasyp boldy.Kristina düýeguşyň ýeleklerinden ýapynjaly kaşaň kümüş köýnekde sahnada şöhle saçdy.

Emin agzalarynyň soraglaryna jogap berende ol ynam bilen: Zenan bolmak bu sowgat!diýip belledi.Pyşkowa ýaryşyň taryhynda ikinji çehiýaly Dünýäniň gözeli boldy.Ondan öň 2006-njy ýylda bu ada Tatýana Kuharžowa mynasyp bolupdy.

7. Kot-d'Iwuaryň kenarýakasynda, Gwineýa aýlagynyň suwlarynda uly nebit ýatagy tapyldy. Onuň ätiýaçlyk gorlary 1,5-2 milliard barrel nebit we 67 milliard kub metre çenli ugurdaş gaz diýlip çaklanylýar. Italiýanyň energiýa kompaniýasy Eni we Petroci iwuar kompaniýasy buraw işleriniň dowamynda 7 kilometr çuňlukda nebit ýatagynyň üstünden bardylar.

Sport habarlary

8. Aşgabatda AFK-nyň Zenanlar futbolunyň güni bellendi. Bu çäre zenanlar futbolyny wagyz etmek we gyzlary sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guraldy. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde gyzlar üçin futbol festiwaly geçirildi, ol sowgat gowşurylyş dabarasy we umumy ýadygärlik surata düşmek bilen tamamlandy.

9.Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata toparynyň 23 ýaşly ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew mart aýyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna we 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistan milli ýygyndysyna çagyryldy. Çaryýew AFK kubogynyň 1/4 finalynyň jogap duşuşygyndan soň milli ýygynda goşular, duşuşyk 13-nji martda geçirilip, onuň çykyş edýän Abdyş-Ata topary Taýwanyň Taýçung Futuro topary bilen oýnar.

Bu toparlaryň ilkinji duşuşygy Abdyş-Atanyň 5:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy, oýunda Çaryýew 89-njy minutda bir pökgi geçirdi.

10.Moskwada geçirilen Russiýa atly halkara sergisiniň çäklerinde futbol boýunça Russiýanyň milli ýygyndysynyň täze oýun köýnekçesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Çärä futboluň weteranlary, milli ýygyndynyň we Ýaşlar futbol ligasynyň häzirki oýunçylary gatnaşdylar.

Täze köýnekçe Russiýanyň Jögel kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi.Taslama egin-eşikleriň köpçülikleýin önümçiligini göz öňünde tutýar: olarda dürli ýaşdaky milli ýygyndylar çykyş ederler we ony janköýerler satyn alyp bilerler.

Täze toplumyň wizual bölegi ertekilerden ylham alýar: öý duşuşyklary üçin niýetlenen toplum Alaw-Guşunyň nyşanlary bilen, myhmançylyk toplumy bolsa aýazyň nyşanlary bilen bezelendir.

Ýene degişli makalalar

Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi
Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy
Rowaýaty hindi aktýory aradan çykdy