Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär

Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär

Şu hepdeden başlap, Hindistanyň kinoteatrlarynda ýurduň Bolliwud studiýasynda täze surata düşürilen filmler görkezilýär. Olaryň ilkinjisi bilen Mumbaýyň ýaşaýjylary eýýäm tanyş boldular.

Deprekleriň gümmürdisiniň, tanslaryň, dürli reňkli sepilýän tozlaryň astynda Mumbaýda täze filmiň ilkinji görkezilişi badalga aldy, hindiler uzaga çeken pandemiýadan soň, indi ilkinji gezek şeýle dabarany başdan geçirýärler: kinotetarlar öz gapylaryny tomaşaçylara açdy.

“Biz bir ýarym ýyllap täze filme tomaşa etmek mümkinçiliginden mahrum bolduk, ine, ahyry bu bagt bize miýesser etdi” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Kinoteatrlaryň daş-töweregi mahelleden hyň berýär.

Hindistanda kinoteatrlar 2020-nji ýylyň mart aýynda koronawirus zerarly ýapylypdy, şunça wagtlap hem täze film surata düşürilmändi. Öň her ýyl Bolliwudda ýylda bir müň çemesi film döredilýärdi.

Netijede, 18 aýda kompaniýa öz girdejileriniň çärýek bölegini ýitirdi.Bu gün bolsa, prokata “Surýawanşi” atly täze film goýberildi, onda hindileriň iň söýgüli artistleriniň biri Akşaý Kumar baş keşbi janlandyrýar.

Film eýýämden adamlary magnit kimin çekýär, kinoteatrlaryň petek satylýan ýeri dyknyşyk.Akşaýyň janköýerleriniň arasynda 100 kilometrlik ýol söküp gelenleri hem bar.Olar hindi filmlerine öýde däl-de, kinoteatrda köpçülik bolup tomaşa etmegiň lezzetlidigini aýdýarlar.

Ýakyn günlerde başga bir hindi ýyldyzy Amir Hanyň täze filminiň prokata çykmagyna garaşylýar, ol filmde täsin adamyň keşbini janlandyrypdyr, aktýoryň nusgawy amerikan filmi “Forrest Gampyň” äheňinde surata düşüren filminiň gürrüňi köpden bäri ýurda doldy.

Hindiler üçin kino tomaşa etmek hakyky baýramçylyk, filmde aýdym ýaňlanyp ugradygy, tomaşaçylar ýerlerinden turup, hyjuwly tans etmäge başlaýarlar. Galyberse-de, köpler üçin kino— maglumat çeşmesi, sebäbi ilatyň tas 40 göterimi sowatsyz, onsoň, olar daşky dünýä bilen kino arkaly tanyşýarlar diýip, hindi kino resurslary ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Mankimen: Dew Patel ar alyjy baradaky söweşli film bilen ilkinji gezek režissýorlyk edýär
Hindi kino sungatynyň gözel ýyldyzy Aişwarýa Raý 50 ýaşady
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi
Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy