Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi

Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi

Häzirki zaman hindi kinosynyň ýaş ýyldyzy Taýger Şroff özüniň aslynda türkmen ganynyň bardygy barada gürrüň berdi, aktýoryň bu baradaky gürrüňini postxnews.com portaly golaýda öz sahypasynda ýerleşdirdi.

Aktýor bu täsin habary Arbaaz Hanyň hindi teleýaýlymlarynyň birindäki "Pinch" tok-şownunynda tomaşaçylar bilen paýlaşdy.

Taýger ýeri gelende aýtsak, hindi kinosynyň geçen asyryň 90-njy ýyllaryndaky ýyldyzy Jeki Şroffyň we öňki model zenan Aýşa Şroffyň ogludyr.

Onuň kakasy Jeki öz döwründe türkmen tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan “Ram we Lakhan”, “Kalbym meniň” ýaly onlarça filmde baş keşbi janlandyrypdy.

Gepleşik wagtynda alypbaryjy Taýgerden özüniň asyl gelip çykyşy baradaky geçiren gözlegleriniň netijesi barada gürrüň bermegini haýyş edende, ol: “Meniň kakamyň kakasy, ýagny atam — gujaratly, kakamyň ejesi — türkmen, mongol-hytaýly. Ol musulman. Ejemiň ejesi — fransuz, kakam — bengally” diýip jogap berdi.

Taýgeriň kakasy Jeki hem 2015-nji ýylda PTI teleýaýlymyna beren interwýusynda özüniň ejesi barada dokumental film surata düşürmegi meýilleşdirýändigini gürrüň berip, şeýle diýipdi: “Men ejemiň öz doganlary we uýalary bilen Merkezi Aziýadan Mumbaýa gelişleri barada gürrüňlerini diňläp ulaldym. Bu diýseň tolgundyryjy taryh. Men ejemiň maşgalasynyň başdan geçirmeleri barada kitap ýazmakçy, eger başa barmasa, hökman dokumental film surata düşürerin”.

“Meniň kakam Kathiawaddaky Rajkotdan bolan gujaratly, ejem şol döwürler SSSR-iň düzüminde bolan Türkmenistandan. Olaryň ikisiniňem maşgala gurmak meselesinde hiç hili kynçylygy bolmandyr. Men ejemdir kakamyň mysalynda birek-birege sabyr-takatlygyň, sylanyşygyň hem-de söýgüniň gymmatlyklaryna akyl ýetirdim” diýip, Jeki Şroff “The Telegraph” neşirine beren interwýusynda gürrüň beripdi.

Taýger Şroff hindi kinosynyň muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan “Ýylyň talyby-2”, “Tutluşyk” ýaly şowly filmlerde baş keşbi döretdi, ony ajaýyp fiziki taýýarlygy üçin Hindistanda Golliwudyň weteran ýyldyzy Silwestr Stallonä meňzedýärler.

Ýene degişli makalalar

Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
Taýger Wuds golf boýunça täze liga geçmegi üçin hödürlenen 800 mln dollardan ýüz öwürdi
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy