Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy

Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy

Hindistanyň günbataryndaky Maharaştra welaýatynda güýçli ýagyş sebäpli ýüze çykan ýumrulmalaryň we süýşgünleriň netijesinde aradan çykanlaryň sany 138 adama ýetdi. Bu barada NDTV ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berdi diýip, TASS agentligi ýetirýär.

The Times of India gazeti anna güni 80-den gowrak adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi.Neşir Hindistanyň günbatar kenaryna ýagan güýçli ýagyşdan soň süýşgünler, binalaryň ýykylmagy ýaly wakalaryň onlarçasynyň ýüze çykandygyny ýazýar.

Bu wakalardan, esasan, Raigad, Ratnagiri, Satara etraplary, şeýle hem Mumbaý megapolisi ejir çekdi.Hünärmenleriň pikiriçe, şunuň ýaly güýçli musson ýagyşlary ştatda soňky 40 ýylda ilkinji gezek hasaba alyndy.

DigiWorld portalynyň habaryna görä, Maharaştranyň käbir etraplarynda bir gije-gündiziň dowamynda 400-den 600 millimetre çenli ýagyş ýagýar.Häzirki wagtda betbagtçylyk ýüze çykan ýerlerde halas ediş işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, häkimiýetleriň milli deňiz flotundan kömek sorandygy bellenilýär. Ýurduň günbatar deňiz güýçleri halas ediş toparlaryny jemledi we raýatlara kömek etmek üçin harby dikuçarlar hem bu işe çekildi diýip, çeşme belläp geçýär.

Ýene degişli makalalar

11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi
Rowaýaty hindi aktýory aradan çykdy