AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar

AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry üçin bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar. Bu barada şu gün AFK-nyň resmi saýty habar berdi.

Üçünji sebitde Ahaldan başga-da, Özbegistanyň Pahtakor, Iordaniýanyň Al-Wehdat, Hindistanyň Mumbaý Siti, Täjigistanyň Istiklol, Filippinleriň Ýunaýted Siti, Gonkongyň Kitçi, Wýetnamyň Hoang Anh Gia Lai, Malaýziýanyň Johor Darul Tazim we Singapuryň Lion Siti toparlary bar.

Bije çekilişige jemi dört sebediň wekilleri gatnaşar. Bije çekilişik dabarasy 17-nji ýanwar güni Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 11-de başlanar.

Ýene degişli makalalar

Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Teýmur Çaryýewiň toparynyň AFK-nyň kubogynyň sebitara ýarym finalyndaky garşydaşy belli boldy
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär