Apple-iň maslahaty onlaýn geçiriler

Apple her ýyl guralýan Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (WWDC) 5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli aralykda onlaýn ýagdaýda geçiriljekdigini habar berdi. Işläp düzüjiler we talyplar Kaliforniýadaky Apple Park-da konferensiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşyp bilerler.

WWDC23 ähli işläp düzüjiler üçin tölegsiz bolup, iOS, iPadOS, macOS, watchOS we tvOS-yň işiniň üstündäki soňky gazanylanlary, täze tehnologiýalary we gurallary mahabatlandyrýar.

Bu ýylky maslahatyň onlaýn programmasy, esasan, sessiýalary, aýratyn laboratoriýa işlerini hem-de Apple-iň inženerleri we işläp düzüjileri bilen aragatnaşyk gurmagy öz içine alar.

WWDC23 şeýle hem Swift Student Challenge maksatnamasy arkaly dörediji talyplara goldaw bermek maksady bilen döredilen mümkinçilikdir. Ol işläp düzüjilere we dürli ýaşdaky okuwçylara programmirleme ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär. Apple-de aýtmaklaryna görä, Swift Playgrounds programmirleme dilini öwreniş programmasy arkaly talyplar islendik ugurdan programma döredip bilerler.

WWDC23 Apple-de her ýyl iň halanýan çärelerimiziň biri, sebäbi bu dünýäniň dürli künjeginden gelen zehinli işläp düzüjiler bilen aragatnaşyk gurmak mümkinçiligidir. Olar bu jemgyýetiň maksatlaryny has-da öňe ilerledýärler diýip, Apple-iň işläp düzüjiler bilen gatnaşyklar boýunça wise-prezidenti Sýuzan Preskott belleýär.

Ýene degişli makalalar

WWA: Dünýäde sil joşgunlary has-da güýçlendi
Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
THG Ukrainadaky türkmenistanlylaryň 'hossarsyzdygyny' aýdýar, Türkmen ilçihanasy 'beýle däl' diýýär