Nike 2020-nji ýyllary zenan sportunyň onýyllygy diýip yglan etmegi meýilleşdirýär

Nike 2020-nji ýyllary zenan sportunyň onýyllygy diýip yglan etmegi meýilleşdirýär

Nike kompaniýasy häzirki onýyllygy zenan sportuna bagyşlamagy we bu meýilnamalary Naomi Osaka, Serena Uilýams, Megan Rapine ýaly ussat türgenler hem-de Billi Aýliş, Megan Ti Stallion ýaly aýdymçylar bilen bilelikde durmuşa geçirmek isleýär. Bu barada WWD habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Nike Global Women’s-iň wise prezidenti we baş menejeri Uitni Malkil brendiň 50 ýyllygy mynasybetli WWD-a beren interwýusynda zenan sportuna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny belledi.Onuň aýtmagyna görä, indi Nike diňe bir türgenlere hemaýatkärlik etmän, eýsem her bir adamy fitnes bilen meşgullanmaga we hemişe hereketde bolmaga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, brend has inklýuziw zenan egin-eşikleriniň we aýakgaplarynyň kolleksiýalaryny taýýarlar.

Uitni Malkil öňde duran wezipeleriň biri hökmünde her bir zenanyň beden gurluşyna (syratyna) laýyk geljek dürli görnüşli stile laýyk we rahat egin-eşikleriň, şeýle-de geýimde dini talaplary berjaý edýän göwreli aýallar we gyzlar üçin zatlaryň önümçiligini belledi.

Ýene degişli makalalar

Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Nike kompaniýasynyň merkezi edarasy ýadawlykdan saplanmak üçin işgärlerine bir hepde rugsat berdi
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
“Nike” kompaniýasy üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny çap etdi