“Nike” kompaniýasy üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny çap etdi

“Nike” kompaniýasy üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny çap etdi

Amerikanyň sport harytlaryny öndüriji Nike kompaniýasy üçünji maliýe çärýeginde sap girdejisiniň azalandygyny, emma görkezijileriň bazarda çaklamalardan oňat netije görkezendigini, ýagny elektron söwdalaşyklaryň barşynda kompaniýanyň paýnamalarynyň gymmatlandygyny habar berdi. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat habarnamasynda sap girdejiniň 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda tamamlanan üçünji çärýegiň jemleri boýunça 1,4 milliard dollara çenli azalandygy bellenýär, bu geçen ýylyň degşli döwründe 1,45 milliarda deň bolupdyr.

Nike kompaniýasynyň satuwdan gelen puly 5 göterim, ýagny 10,9 millard dollara çenli artypdyr.

Şeýle-de önümçilikçiniň sport harytlarynyň onlaýn söwdasy hem 22 göterime çenli ösüş görkezipdir.

Emma kompaniýanyň harytlarynyň söwdasyndan gelen düşewündiň Hytaýda 5 göterim azalandygy aýdylýar. Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Afrikada söwdalar 7, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we Latyn Amerikasynda 11 we Demirgazyk Amerikada 9 göterim ýokarlanypdyr.

Şunlukda egin-eşikleriň söwdasyndan gelen düşewünt 9, aýakgaplardan 2 we sport enjamlaryndan 32 göterim ösüş görkezipdir.

Ýene degişli makalalar

Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Nike kompaniýasynyň merkezi edarasy ýadawlykdan saplanmak üçin işgärlerine bir hepde rugsat berdi
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
“Moody's” metallaryň çaklanylýan nyrhlaryny ýokarlandyrdy