Nike özüniň ilkinji wirtual krossowkalaryny hödürledi

Nike özüniň ilkinji wirtual krossowkalaryny hödürledi

Nike brendi kompaniýanyň hususy 3D studiýasy RTFKT Studios bilen bilelikde işlenip düzülen ilkinji wirtual krossowkalaryny hödürledi. Bu barada Vogue Business neşiri habar berýär.

Kompaniýa Nike Cryptokicks adyny alan täze modeli RTFKT studiýasynyň Discord messenjerindäki we Twitter sosial ulgamyndaky akkauntlarynda tanyşdyrdy.Neşiriň bellemegine görä, täze sport aýakgaby wizual taýdan Nike Dunk krossowerlerine meňzeýär.

Ol diňe ýaponiýaly suratkeş Takasi Murakami bilen bilelikde döredilen Clone-X awatarlarynyň eýelerine kompaniýa tarapyndan öň iberilen “sanly aýakgap gutularynyň” MnIth NFT-tokenleriniň eýeleri üçin elýeterlidir.Wirtual krossowkalar sekiz reňkde gara, çal, ýaşyl, gülgüne, benewşe, gyzyl, ak we gök reňklerde hödürlendi.

RTFKT studiýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Benua Pagottonyň aýtmagyna görä, geljekde ulanyjylaryň we kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň reňkleri özbaşdak döretmek we üýtgetmek mümkinçiligi bolar.Nike RTFKT studiýasyny diňe bir wirtual krossowkalary däl, eýsem sanly awatarlar üçin egin-eşikleri we aksessuarlary bilelikde döretmek üçin 2021-nji ýylyň dekabr aýynda satyn aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Nike kompaniýasynyň merkezi edarasy ýadawlykdan saplanmak üçin işgärlerine bir hepde rugsat berdi
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
“Nike” kompaniýasy üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny çap etdi
“Moody's” metallaryň çaklanylýan nyrhlaryny ýokarlandyrdy