Apple iPhone 14-i wideoýazgy arkaly hödürlär

Apple iPhone 14-i wideoýazgy arkaly hödürlär

Apple kompaniýasy iPhone-14-i, Apple Watch Series 8 akylly sagatlaryny we beýleki täze önümlerini hödürlemek üçin sentýabr aýynda geçiriljek tanyşdyrylyş dabarasyny ýazgy edip başlady. Bu barada Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman Power On habar ýollamasynda habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Guramanyň aýtmagyna görä, çäre sentýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär.Brendiň käbir muşdaklary kompaniýanyň tomaşaçylar bilen iPhone-yň “janly” tanyşdyrylyşyny geçirmegine garaşypdylar, ýöne bu ýyl hem öňünden ýazgy edilen wideo has makul hasaplanyldy.

Bloomberg-iň žurnalisti Apple-iň öňki ýyllar ýaly 2022-nji ýylyň güýzüne hem birbada iki çäräni meýilleşdirendigini nygtaýar.Sentýabr aýyndaky tanyşdyrylyş iPhone smartfonlaryna we Apple Watch sagatlaryna, oktýabr aýyndaky bolsa Mac kompýuterlerine we iPad planşetlerine bagyşlanar.

Ýene degişli makalalar

Owgan puly dünýäde iň durnukly pullaryň biri boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Teýlor Swift milliarderler boldy
ÝB Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny kabul eder