Apple kompaniýasynyň enjamlaryny iki milliarddan köp adam ulanýar

Apple kompaniýasynyň enjamlaryny iki milliarddan köp adam ulanýar

Bütin dünýäde Apple kompaniýasynyň iPhone, iPad, Mac we beýleki enjamlaryny iki millarddan gowrak adam işjeň ulanýar. Bu barada MacRumors edarasy bu kompaniýanyň ýitgileriniň we girdejileriniň 2024-nji ýylyň birinji maliýe çärýegi boýunça deslapky hasabatyna salgylanyp habar berdi. Appleniň baş direktory Tim Kuk munuň täze rekorddygyny nygtady.

Apple beýleki enjamlary barada sanlary getirmedi, emma onuň iPhone smartfonlaryny tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak adam ulanýar diýip, MacRumors edarasyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Apple ABŞ-da 500 milliard dollarlyk tilsimat boýunça maýa goýar
“Altyn globus” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer
Geljek ýyl satyp başlar
Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýär