Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer

Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer

Apple kompaniýasynyň AirPods gulaklyklarynda eşidişiň derejesini barlamak we bedeniň temperaturasyny ölçemek mümkinçiligi peýda bolar diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Mundan başga-da, AirPods gulaklyklary eşidişi pes adamlar tarapyndan eşidiş enjamy hökmünde peýdalanylyp bilner.

Gulaklyklar eýesiniň nähili kabul edýändigini barlamak üçin dürli sesleri çykarar. Şeýle hem olarda ýörite temperatura datçikleri ýerleşdiriler, mundan başga-da, enjam eýesinde sowuklamanyň bardygyny ýa ýokdugyny hem kesgitläp biler.

Akylly gulaklyklaryň peýda boljak anyk senesi heniz mälim edilmedi, işläp düzüjiler munuň ýakyn wagtda bolmajakdygyny habar berýärler enjama lukmançylyk tehnologiýalarynyň girizilmegi birnäçe aýdan birnäçe ýyla çenli dowam wagt alyp biler.

Ýene degişli makalalar

Owgan puly dünýäde iň durnukly pullaryň biri boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Teýlor Swift milliarderler boldy