Apple Samsung kompaniýasyny ogurlykda aýyplady

Apple Samsung kompaniýasyny ogurlykda aýyplady

Apple kompaniýasynyň halkara söwda bölüminiň başlygy Greg Joswiak täze smartfonlaryny işläp düzmekde Samsung kompaniýasynyň özleriniň tehnologiýalaryny ogurlandygyny yglan etdi. Bu baradaky habar The Wall Street Journal neşiriniň ilkinji Iphone smartfonynyň çykarylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dokumental filminde habar berilýär diýip, Trend ýazýar.

Žurnalistiň Appleniň bazarda öz esasy bäsdeşi bolan Samsung barada garaýşy bilen bagly beren sowalyna Joswiak günorta koreý kompaniýasynyň özlerini hemişe gižželäp gelendigi barada jogap berdi.

Olar aldylar-da, iPhoneniň uly ekranly görnüşini ýasadylar, başga oňaran goşlary ýok diýip, Joswiak sözüniň üstüne goşdy.

Top-menejer amerikan kompaniýasynda Samsungyň ilkinji smartfonynyň iPhoneniň ýaramaz nysgasy hökmünde kabul edilendigini ýatlady.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Şwesiýa-NATO maslahaty dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi
Iň gymmat modellerden başga smartfonlara isleg peseldi
Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar
Hytaý önümçiligi awtomatlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär
Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy
Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi