Türkiye-Şwesiýa-NATO maslahaty dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi

Türkiye-Şwesiýa-NATO maslahaty dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi

Amerikan metbugaty hadysany gyssagly habar hökmünde berdi.

Bloomberg: "Türkiye NATO-ny güýçlendirmek üçin Şwesiýanyň alýansa girmegine goldaw berilmegini kabul etdi" diýip belledi.

Wall Street Journal şol ädimiň "Russiýa garşy emele getirilmäge synanyşylýan blogyň tamamlanmagy taýdan ähmiýetlidigini" beýan etdi.

New York Times gazedi: "Karar Erdoganyň ýurdunyň Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmek maksatnamasynda öňe gidişlik etmek isleýändigi bilen baglanşykly talabyndan soň kabul edildi" diýip nygtady.

Şwesiýanyň döwlet telewideniýesi SVT Türkiyäniň tassyklamagyndan soň NATO agza bolmagy bilen Şwesiýanyň 200 ýyllyk bitaraplyk syýasatynyň tamamlanjakdygyny ýatlatdy.

Germaniýanyň Bild gazedi: "Erdogan Şwesiýanyň NATO agza bolmagynyň öňüni açdy" diýip belledi.

Beýik Britaniýanyň Sky News telewideniýesi Türkiyäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy babatyndaky karary barada: "Stoltenberg Erdoganyň Şwesiýanyň NATO agza bolmagyny goldaýandygyny aýtdy" diýip habar berdi.

The Guardian gazedi: "Türkiye Şwesiýanyň NATO agzalyk ýüz tutmasyny goldamagy kabul etdi" diýip belledi.

Gresiýanyň metbugaty: "Erdogandan NATO üçin ýaşyl çyra" sözbaşysyny ulandy.

Italiýanyň, Ispaniýanyň we Balkanlaryň metbugatynda hem karar giň seslenme döretdi.

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi