Türkiýäniň ABŞ-daky ilçisi amerikaly senator bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

Türkiýäniň ABŞ-daky ilçisi amerikaly senator bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

Türkiýäniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Sedat Onal çarşenbe güni Waşingtonda Senator Elissa Slotkin bilen duşuşdy. Taraplar duşuşygy “netijeli” diýip häsiýetlendirdi.

Türkiýäniň ilçihanasy sosial media platformasy X arkaly beren habarnamasynda:“Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky bilelikdäki gyzyklanma ugurlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şeýle hem sebit we halkara derejedäki häzirki ösüşler ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, ýazdy.

Ilçihananyň habar bermegine görä Onal bilen Slotkin iki ýurduň arasyndaky dialogyň we utgaşyklygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen duşuşyk barada jikme-jik maglumat berilmedi.

F-35 maksatnamasy

Soňky döwürde Prezident Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň ABŞ-nyň ýolbaşçylyk edýän F-35 harby uçar maksatnamasyna gaýtadan kabul edilmegi hakyndaky çagyryşyny gaýtalady. Ol bu başlangyjyň Waşington bilen gatnaşyklary berkitjekdigini we NATO-nyň howpsuzlygy kuwwatlandyrjakdygyny öňe sürdi.

Erdogan “Bloomberge” beren ýazmaça beýanatynda Türkiýäniň maksatnamadan çykarylmagyny “adalatsyz” diýip häsyetlendirdi we Donald Trampyň gaýtadan ABŞ-nyň prezidentligine saýlanmagynyň gatnaşyklary “has parasatly we oňyn esasda” täzeden guramak üçin mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

Ol Türkiýäniň F-35 uçarlaryny edinmeginiň “möhüm we zerurdygyny” belledi hem-de F-16 satuwy boýunça gepleşikleriň, uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän Halkbank işiniň, şeýle-de ABŞ-dan Türkiýä suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) üpjünçiligini artdyrmak baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada Kanslerlige iň meşhur dalaşgär
Balkanda gullukdan ir boşamak isleýän esgerlerden 10 müň manada çenli para soralýar
27.09.2017 | Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasy uly şowhun bilen geçirildi
60 ÝYLDAN SOŇ, ITALIÝASYZ DÜNÝÄ ÇEMPIONATY