“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi

2018-nji ýylyň Halkara “Buker” baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi.Emin agzalary 108 kitaba nazar aýlap, olaryň arasyndan şu aşakdaky kitaplary saýlap aldylar.“Diliň ýedinji wezipesi” (The 7th Function of Language), Loran Bine (Fransiýa).“Özgäniň adyny dakynan” (The Impostor), Hawer Serkas (Ispaniýa).“Wernon Subuteks 1” (Vernon Subutex 1), Wirjini Depant (Fransiýa).“Git, gitdi, giden” (Go, Went, Gone), Jenni Erbenbek (Germaniýa).“Ak kitap” (The White Book), Han Kang (Günorta Koreýa).“Die, mähriban” (Die, My Love), Ariana Harwis (Argentina).“Dünýä dowam edýär” (The World Goes On), Laslo Krasnohorkai (Wengriýa).“Gaýyp bolýan kölege ýaly” (Like a Fading Shadow), Antonio Munos (Ispaniýa).“Uçýan dag” (The Flying Mountain), Kristof Ransmaýr (Awstriýa).“Bagdatdaky Frankenşteýn” (Frankenstein in Baghdad), Ahmed Saadawi (Yrak).“Uçuşlar” (Flights), Olga Tokarçuk (Polşa).“Ogurlanan welosiped” (The Stolen Bicycle), U Min-i (Taýwan).“Şamlyk naharyň myhmany” (The Dinner Guest), Gabriella Ibarra (Ispaniýa).Halkara “Buker” baýragy 2004-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň ilkinji eýesi alban ýazyjysy Ismail Kadar bolupdy. Şu ýylky sanawa giren Han Kang we Laslo Krasnohorkai dagy ozal hem Halkara “Buker” baýragynyň eýeleri bolupdylar.Baýrak 2015-nji ýyla çenli iki ýyldan bir gezek berilýärdi.

Onuň ýeňijileriniň arasynda Filip Rot, Elis Munro we Çinua Açebe dagy bar.Geçen ýyl ysraýylly ýazyjy Dawid Grossman “Bara giren at” romany bilen ýeňiji bolupdy. 2018-nji ýylyň ýeňijisi 60 müň funt sterling pul baýragyna eýe bolar.

Emin agzalary ilki 12-13 eserden ybarat uzyn sanawy, soňra bolsa, şol sanaw esasynda alty ýazyjynyň eseriniň gysga sanawyny düzýär.Alty kitapdan ybarat boljak gysga sanaw 12-nji aprelde Londonda mälim edilip, 2018-nji ýylyň “Buker” baýragynyň eýesi 22-nji maýda belli bolar.

Ýene degişli makalalar

Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy
Ilkinji gezek “Buker” baýragyna eýe boldy
Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy
Çarwadarlaryň Oskary
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI