“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy

Edebiýat ulgamynyň iň abraýly sylaglaryndan “Buker” (Man Booker) baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi.Iňlis dilinde ýazylan romanlara berilýän “Buker” baýragyna amerikaly ýazyjy Jorj Sonders mynasyp boldy. 58 ýaşly ýazyjy “Bardodaky Linkoln” (Lincoln in the Bardo) atly özüniň ilkinji romany üçin bu hormata laýyk görüldi. “Buker” baýragyny gowşurýan toparyň ýolbaşçylaryndan Baroness Lola Ýang sylagy alan kitabyň waspyny şu setirler bilen beýan edýär: “Ýeňiji bolan kitap, täzeçilligi, ýazylyş usuly bilen tapawutlanýar.

Eminleriň biri ony asmana atylan feýerwerke meňzedýär.Bu kitap, ölüm, ýas, şeýle-de mahrum bolmak ýaly temalarda bizi oýlanmaga iterýär. Şol birwagtyň özünde-de biziň geçegçidigimizi, panydygymyzy, beýleki adamlaryň, aýratynam gowy görýänlerimiziň panylygy bilen ylalaşyp ýaşamalydygymyzy ündeýär”.Ozal habar berlişi ýaly, bu baýraga Pol Oster, Ali Smit, Emili Fridlund, Mohsin Hamir we Fion Mozli dagy hem dalaşgär görkezilipdi.

Baýragyň eýesine 50 müň funt sterlinglik pul baýragy-da berler. “Buker” sylagyny öňki ýyllarda Jon Berger, Iris Murdok, William Golding, J.M.Koetzi, şeýle hem bu ýylky Nobeliň edebiýat baýragynyň eýesi Kazuo Isiguro, Margaret Atwud ýaly tanymal ýazyjylar hem gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji gezek “Buker” baýragyna eýe boldy
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Sportuň taryhynda şu gün 6-njy iýul