Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy

Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy

Pulitser baýragynyň eýesi amerikaly Elizabet Straut we başga-da 12 sany ýazyjy edebiýat boýunça Buker baýragyna (Booker Prize) dalaşgärleriň uzyn sanawyna girizildi. Bu barada sişenbe güni baýragyň gaznasy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.

66 ýaşly Straut özüniň "Wah, Uilýam!" (Oh William!) romany bilen iňlis dilli edebiýatlaryň çäginde iň bir abraýly baýraklaryň birine dalaş edýär. 2009-njy ýylda "Oliwiýa Kitterij" eseri oňa Pulitser baýragyny getirdi, 2014-nji ýylda bolsa eser ekranlaşdyrylypdy. Amerikaly zenan ikinji gezek Buker baýragynyň uzyn sanawyna goşuldy.

Bu ýyl sanawa alty amerikaly girdi.Strautdan başga, oňa Ernan Dias (2017-nji ýylda "Aralykda" romany bilen Pulitser baýragynyň jemleýji tapgyryna çykan), Persiwal Ewerett, Karen Joý Fauler, Leýla Mottli we Selbi Winn Şwars goşuldy.

Beýik Britaniýadan sanawa üç awtor girdi: Alan Garner, Grem Makreý Barnet we Meddi Mortimer, Kler Kigan hem-de Odri Magi Irlandiýa, Nowaýolet Bulawaýo - Zimbabwe, Şehan Karunatilaka - Şri-Lanka wekilçilik edýär.

Bäsdeşleriň arasynda üç ýazyjy ilkinji gezek çykyş edýär.Olar - Mottli, Mortimer we Şwars. Ýene üçüsi - Bulawaýo, Fauler we Barnet - öň Bukeriň şort-listinde (gysga sanawynda) görnüpdiler.Kler Kiganyň 116 sahypalyk "Şular ýaly zatjagazlar" (Small Things Like These) diýen romany emin agzalarynyň owal-ahyr saýlan iň çaklaň kitaby boldy.

Ýene degişli makalalar

“Booker” baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
Ilkinji gezek “Buker” baýragyna eýe boldy
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal