Nobeliň edebiýat baýragynyň eýesi belli boldy

5-nji oktýabrda şwed akademiýasynda 2017-nji ýyl üçin Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna britan ýazyjysy Kadzuo Isiguronyň mynasyp bolandygy mälim edildi.Baýragyň press-relizinde şwed akademiýasynyň wekilleri “Onuň romanlarynda dünýä bilen hyýaly gatnaşyk guralyp, düşündirip bolmaýan, özboluşly dünýäni görüp bolýar” diýlip bellenip geçilýär.Akademiýanyň hemişelik sekretary Sara Danius ýazyjynyň eserlerindäki dogruçyllyga ýokary baha berdi.

Kadzuo Isiguro 9-10-njy dekabrda geçiriljek baýrak gowşurylyş dabarasynda Alfred Nobeliň profili şekillendirilen altyn medal we 9 million şwed krony (1,12 million dollar) möçberinde baýraga eýe bolar.Kadzuo Isiguro 1954-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Ýaponiýanyň Nagasaki şäherinde dünýä inýär.

Ol bäş ýaşyndaka maşgalasy Britaniýa göçüp barýar.Ol kemala gelenden soňra dogduk depesine baryp görýär.Ol 1974-nji ýylda Kent uniwersitetine girip, 1978-nji ýylda iňlis dili we filosofiýadan bakalawr derejesini alýar. 1980-nji ýylda Gündogar Angliýa uniwersitetinde sungatyň magistri derejesini alýar.Kadzuo Isiguro 1982-nji ýylda “Alaňlaryň öçügsi manzarasy” atly ilkinji kitabyny neşir etdirýär.

Onuň birinji romanyndaky we “Tolkun atýan dünýäniň suratkeşi” (1986) atly romanyndaky wakalar Ikinji jahan urşundan soň, Nagasakide bolup geçýar. Ýazyjy Korollygyň edebiýat jemgyýetiniň agzasy bolup, “Tolkun atýan dünýäniň suratkeşi”, “Köşeşmezek” romanlary üçin “Uitbred” baýragyna mynasyp bolýar. “Galan günler” (1989) romany üçin hem “Buker” baýragyna mynasyp bolýar.

Isiguro 40-dan gowrak dile terjime edilen 8 kitabyň awtorydyr.Onuň “Galan günler” we 2010-njy ýylda ekranlaşdyrylan “Meni hiç haçan goýberme” atly romanlary, iň meşhur kitaplary hasaplanýar. 2005-nji ýylda neşir edilen “Meni hiç haçan goýberme” romany “Time” žurnalynyň ýazmagyna görä, iň gowy 100 iňlis romanynyň sanawyna girýär.Nobeliň edebiýat boýunça baýragy şwed oýlap tapyjysy Alfred Nobeliň wesýeti bilen 1901-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär.

Garaşsyz bilermenler şu ýyl Nobeliň edebiýat baýragyna dalaşgär hökmünde birinji orunda ýapon ýazyjysy Haruki Murakamini goýupdylar.Ikinji orunda keniýaly ýazyjy Hrugi Ba Thiongo, üçünji orunda hem ysraýylly ýazyjy Amos Oz, kanadaly ýazyjy zenan Margaret Etwud we hytaýly ýazyjy Ýan Lýanke dagy durýardy.

Geçen ýyl bu baýragyň eýesi amerikan şahyry hem sazandasy Bob Dilan bolupdy. 2015-nji ýylda hem belarus şahyr zenany Swetlana Aleksiýewiç bu baýraga mynasyp bolup, ol baýragyň taryhynda 14-nji zenan laureatdyr.

Ýene degişli makalalar

“The Guardian”: iň gowy 100 kitap
“Booker” baýragy şotland ýazyjysyna berildi
Edebiýat baýragy indiki ýyl gowşurylar
Kadzuo Isiguronyň täze romany
Kadzuo Isiguro sylaglandy
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy