Edebiýat baýragy indiki ýyl gowşurylar

Şwed akademiýasy 2018-nji ýylyň Nobeliň edebiýat boýunça baýragyny emele gelen käbir ýagdaýlar sebäpli, indiki ýyl gowşurmak baradaky karara geldi.Bu barada Akademiýanyň resmi saýtynda mälim edilýär. 2019-njy ýylda birbada iki laureaty sylaglamak meýilleşdirilýär.

Nobel geňeşi Şwed akademiýasynyň bu kararyny makullady.Bu karar beýleki ugurlar boýunça gowşuryljak baýraklara hiç hili täsirini ýetirmez.Baýragyň taryhyna nazar aýlanyňda, ýedi gezek şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykyp, 1914, 1918, 1935 hem-de 1940-njy ýyldan 1943-nji ýyla çenli aralykda hiç ýazyja baýrak gowşurylmaýar.

Nobeliň edebiýat boýunça baýragyny 2017-nji ýylda gelip çykyşy boýunça ýapon bolan iňlis ýazyjysy Kadzuo Isiguro alypdy.

Ýene degişli makalalar

Kadzuo Isiguro sylaglandy
Alfred Nobel halkara baýragy döretmek baradaky wesýetnama gol çekýär
Elektromobil önümçiligi giňeldiler
Bäsdeşlerinden ozdurar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Şwed kompaniýasynyň täze sanawy