Şwed syýahatçylary gijäni Aşgabat aeroportynda geçirdi

Şwesiýanyň TUIfly Nordic awiakompaniýasynyň uçary bir ýolagçynyň näsaglamagy zerarly ikinji gün, 28-nji martda, Aşgabat aeroportynda mejbury gonmaly boldy.

Awiakompaniýanyň howpsuzlyk düzgünleri boýunça uçar bu ýagdaýdan soň diňe ygtyýarly tehnikleriň gözegçiliginden soň uçup bilýär. Şwesiýanyň Svenska Dagbladet neşiriniň maglumatyna görä, problemany her nähilem bolsa çözdüler, emma bu işe ýerli spesialistleriň çekilendigi ýa Şwesiýadan spesialist çagyrylandygy aýdylmaýar.

Emma uçar tehniki gözegçilikden geçirilýänçä, düzgüne görä, pilotlar uçar kabinasynda galyp bilýärler. Ýolagçylaryň ählisi gijäni aeroportda geçirmeli etdiler. Turistleri aeroport binasyndaky pasport barlagy zonasynda ýerleşdirdiler.

Nordic kompaniýasynyň baştutany matias Bergandalyö sözlerine görä, kompaniýa ýolagçylaryň gijäni rahat geçirmegi we naharlanmagy üçin mümkin bolan şertleri döretmäge synanýar. Bu meselede ozaly çagalary maşgalalar we gartaň adamlar ileri tutulýar.

Kompensasiýa meselesi uçar Şwesiýa geleninden soň, indiwidual ýagdaýda çözüler.

Ýene degişli makalalar

Arhiw maglumatlary Nabokowyň 11 gezek Nobel baýragyna hödürlenendigini tassyklady
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
Edebiýat baýragy indiki ýyl gowşurylar
Kadzuo Isiguro sylaglandy
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Belgorhimprom”: Türkmenistan bilen dawada özümiziň dogrudygymyza doly ynanýarys