Kadzuo Isiguro sylaglandy

Ýapon hökümeti Nobeliň edebiýat baýragynyň eýesi, britan ýazyjysy Kadzuo Isigurony “Ýokary galýan Gün” ordeniniň altyn we kümüş görnüşleri bilen sylaglady.Hökümetiň mälim etmegine görä, dünýäniň 62 ýurdundan 140 daşary ýurtly Ýaponiýa bilen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan önjeýli goşantlary üçin bu orden bilen sylaglandy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 8-nji maýda Tokionyň Imperator köşgünde imperator Akihitonyň we Premýer-ministr Sindzo Abeniň gatnaşmagynda geçirildi.Bilşimiz ýaly, 2017-nji ýylda Kadzuo Isiguro Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna mynasyp boldy. Şwed akademiýasynda onuň romanlarynda dünýä bilen hyýaly gatnaşyk guralyp, düşündirip bolmaýan, özboluşly dünýäni görüp bolýandygy bellenilipdi.Kadzuo Isiguro 1954-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Ýaponiýanyň Nagasaki şäherinde dünýä inýär.

Bäş ýaşyndaka, onuň maşgalasy Beýik Britaniýa göçüp barýar.Ol dogduk diýaryny kemala gelenden soňra gelip görýär.Ol 1978-nji ýylda Kent uniwersitetiniň iňlis dili we filosofiýasy bölüminde, soňra bolsa, Gündogar Angliýa uniwersitetinde okaýar.

Isiguro 40-dan gowrak dile terjime edilen 8 kitabyň awtorydyr.Onuň “Galan günler”, “Meni hiç haçan goýberme” ýaly romanlary iň meşhur kitaplary hasaplanýar. Ýazyjynyň 2005-nji ýylda neşir edilen “Meni hiç haçan goýberme” romany “Time” žurnalynyň habaryna görä, iň gowy 100 iňlis romanynyň sanawyna girýär.

Ýene degişli makalalar

Edebiýat baýragy indiki ýyl gowşurylar
“Booker” baýragy şotland ýazyjysyna berildi
Nobeliň edebiýat baýragynyň eýesi belli boldy
Kadzuo Isiguronyň täze romany
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy