“Booker” baýragy şotland ýazyjysyna berildi

Şotland ýazyjysy Duglas Stýuart “Şaggi Beýn” (Shuggie Bain) atly ilkinji romany üçin 2020-nji ýylyň “Booker” baýragyna eýe boldy.Londonda guralan baýrak gowşurylyş dabarasyna şazada Çarlzyň aýaly Kamilla, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama we “Booker” baýragynyň geçen ýyllardaky eýeleri Kadzuo Isiguro, Margaret Etwud we Bernardin Ewaristo gatnaşdy. Ýazyjynyň ýatlamalaryna esaslanýan bu romanda, 1980-nji ýyllarda glazgoly Şaggi atly oglanjygyň syrkaw ejesine ýardam etmek üçin edýän tagallalary barada gürrüň berilýär.

Has takygy bu eser, Duglas Stýuartyň heniz ýetginjekkä aradan çykan ejesine bagyşlanýar.

“Booker” baýragynyň emin agzalarynyň başlygy Margaret Basbi eminleriň kararynyň biragyzdan kabul edilendigini we onuň üçin bary-ýogy bir sagat töweregi wagt gerek bolandygyny aýtdy.Duglas Stýuart gazanan ýeňşine tolgunýandygyny boýun aldy. Ýazyjy ejesi aradan çykandan soň, Beýik Britaniýanyň Korollyk sungat kollejine girip, gutaransoň, Nýu-Ýorka göçýär we şol ýerde egin-eşik dizaýneri bolup, zähmet ýoluna düşýär.

Ol “Calvin Klein”, “Ralph Lauren” we “Gap” ýaly birnäçe meşhur brentler bilen işleşýär.Stýuart 10 ýyl ozal işden boş wagtlary döredijilik bilen meşgullanyp, hekaýalaryny “The New Yorker” žurnalynda çap etdirip ugraýar.

Geçen ýyl “Booker” baýragy birbada iki ýazyja, kanadaly ýazyjy Margaret Etwuda “Wesýetler” kitaby we britaniýaly Bernardin Ewaristo “Gyz, aýal, başga zatlar” romany üçin berildi.Bernardin Ewaristo “Booker” baýragyny alan ilkinji garaýagyz zenan boldy.

Baýragyň iki ýeňijiniň arasynda paýlanmagy, “Booker”-iň taryhynda şeýle kararyň üçünjisi boldy – ozal baýraklar iki ýazyja diňe 1974-nji we 1992-nji ýyllarda berlipdi.Baýragyň gaznasy 50 müň funt sterlinge deň.

The post “Booker” baýragy şotland ýazyjysyna berildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Kadzuo Isiguronyň täze romany
“Booker” baýragynyň gysga sanawy
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy
Aşgabat syýahatçylygy maslahatlaşdy, synçylar ýurduň 'üzňelikde galýandygyny' aýdýarlar
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi