“Booker” baýragynyň gysga sanawy

Londonda 2020-nji ýylyň Booker baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy yglan edildi. Alty dalaşgäriň ady 2020-nji ýylyň eminler toparynyň ýolbaşçysy Margaret Basbi tarapyndan onlaýn metbugat ýygnagynda mälim edildi.

Amerikaly Diana Kuk Täze çöl (The New Wilderness), Awni Doşi Ýanan şeker (Burnt Sugar), Brendon Teýlor Hakyky durmuş (Real Life), zimbabweli Sisi Dangarembga Ýasly göwre (This Mournable Body), şotland we amerikan raýatlygy bolan ýazyjy Duglas Stýuart Şaggi Beýn (Shuggie Bain), amerikan we efiopiýa raýatlygy bolan ýazyjy Maaza Mengiste Saýalaryň şasy (The Shadow King) atly romanlary bilen baýragyň finalyna çykdylar.

Booker baýragy islendik milletden bolan awtoryň iňlis dilinde ýazylan eseri üçin niýetlenip, kitabyň 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilmegi, esasy şertidir. 162 eser baýragyň finalyna dalaş etdi.

Baýragyň ýeňijisi 17-nji noýabrda Londonyň Roundhouse konsert zalynda guraljak çärede mälim ediler.Gysga sanawa girizilen awtorlaryň her birine 2,5 müň funt sterling berlip, olar öz kitabynyň ýörite neşir edilmegine hukuk gazanarlar. Ýeňijini ýene-de 50 müň funt sterling bilen sylaglarlar. Şeýle hem, Booker baýragynyň ýeňijisi gysga wagtda halkara derejesinde ykrar edilmegine bil baglap biler.

2019-njy ýylyň Booker baýragyny kanadaly ýazyjy Margaret Etwud we britaniýaly ýazyjy Bernardin Ewaristo öz aralarynda paýlaşypdy.

Ýene degişli makalalar

“Booker” baýragy şotland ýazyjysyna berildi
Edebiýat habarlary
Aşgabat syýahatçylygy maslahatlaşdy, synçylar ýurduň 'üzňelikde galýandygyny' aýdýarlar
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
Ýeňijiler mälim edildi