XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary

Günorta Koreýanyň Phýonçhan şäherinde geçirilýän XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlanyp barýar. 9-njy fewralda başlan ýaryş ertir, ýagny 25-nji fewralda tamamlanar. 22-nji fewrala çenli hasaba alanyňda, medallaryň sanawynda 13 altyn medal gazanan 2 döwlet Norwegiýa bilen Germaniýa 12-nji orunlary paýlaşýarlar. Ýöne kümüş medallarda artykmaçlyk görkezen Norwegiýa 1-nji basgançagy eýeleýär.

Norwegiýaly lyžaçy Marit Býorgen Phýonçhandaky 4-nji medalyny gazanyp, ol gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky iň köp medally türgen diýen adyň ýeke-täk eýesi boldy.

* Zenanlaryň arasyndaky lyžaly ýaryş sportunyň sprint toparlaýyn görnüşinde ABŞ 1-nji, Şwesiýa 2-nji, Norwegiýa-da 3-nji orny eýeledi.Norwegiýanyň adyndan wekilçilik eden Marit Býorgen gyşky Olimpiýa oýunlaryndaky 14-nji medalyny gazanyp, bu ugurda rekordyň ýeke-täk eýesi boldy.

Ol mundan öňki rekordy watandaşy, meşhur türgen 13 medally Ole Eýnar Býorgendalen bilen paýlaşýardy.Solt Leýk Siti 2002-den bäri gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gelýän 37 ýaşly Marit Býorgen Phýonçhanda 4 medal gazanyp, olaryň sanyny 14-e ýetirdi (7 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç).

Bu ýaryşda erkekleriň arasynda Norwegiýa altyn, Russiýadan gatnaşýan olimpiýaçylar kümüş, Fransiýa-da bürünç medala mynasyp boldy.* Hokkeý boýunça zenanlaryň arasyndaky finalda iki goňşy döwletiň ýygyndylary ABŞ bilen Kanada duşuşdy.

Oýnuň esasy hem-de goşmaça wagtlary 22 deňlikde tamamlandy.Penaltilerde 32 öňe saýlanan amerikaly gyzlar 20 ýyldan soň, bu ugurda altyn medala mynasyp boldy.Bu ABŞ-nyň hokkeýdäki 2-nji çempionlygy bolup, olar mundan öň 1998-nji ýylda ýeňiş gazanypdylar.

Yzly-yzyna 4 altyn medal alan kanadalylar bu sapar kümüş medal bilen oňňut etmeli boldular.Russiýadan gatnaşýan olimpiýaçylary 32 hasabynda utan Finlýandiýa bürünç medal gazandy.* Figuralaýyn typmagyň buzda tans görnüşinde kanadaly jübütler Tessa Wirtu bilen Skott Moir ýeňiji boldy.

Olaryň gysga programmada gazanan 83,67 hem-de umumylykda toplan 206,07 utuklary dünýä rekordlaryna deň boldy.Bu olaryň figuralaýyn typmagyň buzda tans görnüşinde gazanan 3-nji Olimpiýa altyn medaly bolup, umumylykda-da Olimpiadadaky 5-nji altyn medallaryny eýelediler.

Buzda tans görnüşinde fransiýaly Gabriella Papadakis bilen Guillaume Sizeron 2-nji, amerikaly doganlar Maia bilen Aleks Şibutaniler 3-nji orna mynasyp boldy.* Figuralaýyn typmakda erkekleriň arasyndaky ýekeleýin bäsleşikde 23 ýaşyndaky ýaponiýaly Ýuzuru Hanýu 317,85 utuk bilen bassyr 2-nji Olimpiýa altyn medalyny gazandy.

Ol 1948-nji we 1952-nji ýyllarda altyn medal alan amerikaly Dik Battondan soň, buzda tans görnüşinde Olimpiýa çempionlygyny goramagy başaran ilkinji erkek türgendir.Hanýunyň watandaşy Şoma Uno 2-nji, ispaniýaly Hawier Herandes 3-nji ýeri eýeledi.* Figuralaýyn typmak boýunça zenanlaryň arasyndaky ýekeleýin ýaryşda Russiýadan gatnaşýan olimpiýaçylar toparynyň 2 wekili 15 ýaşly Alina Zagitowa bilen 18 ýaşyndaky Ýewgeniýa Medwedewa degişlilikde, altyn we kümüş medallara mynasyp boldy. 3-nji orny bolsa, kanadaly Keitlin Osmond eýeledi.

Bu russiýaly olimpiýaçylaryň şu Olimpiadada gazanan ilkinji altyn medaly boldy.* Biatlon boýunça erkekleriň arasyndaky mass-start 15 kilometr ýaryşynda fransiýaly Marten Furkad ýeňiji boldy. 2-nji ýeri eýelän Simon Şempp ýeňiji bilen bir netijäni görkezse-de, sähelçe tapawut bilen Furkad ýeňiş gazandy.

Furkad 12,5 kilometrlik bäsleşikde-de, toparlaýyn ýaryşda-da ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, 29 ýaşly Furkadyň Olimpiýa medallarynyň sany 7-ä ýetdi (5-si altyn).Biatlonda zenanlaryň arasynda toparlaýyn 4×6 kilometr ýaryşynda Belarusyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Şwedler 2-nji, fransuzlar 3-nji orny eýeledi.* Erkekleriň arasyndaky fristaýl halpaýp ýaryşynda amerikaly Dewid Waýz Olimpiýa çempionlygyny goramagy başardy.

Soçide hem ýeňiji bolan Waýz 97,2 utuk toplady.Watandaşy Aleks Ferreira 2-nji, Täze zelandiýaly Niko Porteus 3-nji orna mynasyp boldy. 16 ýaşly Porteusyň gazanan bürünç medaly, Täze Zelandiýanyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda alan 3-nji medalydyr.* Şort-trek 3000 metr estafeta toparlaýyn ýaryşda zenanlarda ýene-de Günorta Koreýanyň ýygyndysy altyn medal gazandy.

Koreýaly şort-trekçi gyzlar 6-njy gezek Olimpiýa çempiony boldy. 2-nji ýeri italýanlar eýelän bolsa, Hytaý bilen Kanadanyň ýaryşdan çykarylmagyndan soň, “B” finalynyň ýeňijisi Niderlandlar dünýä rekordyny goýup, bürünç medal gazandy.* Şort-trek erkekleriň arasyndaky 5000 metr toparlaýyn ýaryşda Wengriýanyň ýygyndysy Olimpiýa rekordyny goýup (6 minut 31,971 sekunt), altyn medal gazandy.

Hytaý 2-nji, Kanada 3-nji orny eýeledi.* Şort-trek erkekleriň arasynda ýekeleýin 500 metr bäsleşiginde hytaýly U Daszin 39,584 sekuntlyk görkeziji bilen dünýä rekordyny goýdy.Mundan 4 ýyl ozal, Soçide kümüş alan 23 ýaşly Daszin bu gezek altyn medalyny baýram etdi. 23-nji orunlary-da ýer eýeleriniň türgenleri Hwan De Hon bilen Lim Hýo Žun paýlaşdy.* Dag lyžasy ýaryşlarynyň daunhill görnüşinde zenanlaryň arasynda italiýaly Sofiýa Gojja altyn, norwegiýaly Ragnild Mowinkel kümüş hem-de dünýä belli amerikaly lyžaçy Lindseý Wonn bürünç medala mynasyp boldy.* Bobsleý boýunça erkekleriň arasyndaky ikileýin ýaryşda altyn medaly kanadaly hem-de germaniýaly türgenler paýlaşdylar.

Iki toparam 3 minut 16,86 sekuntda pellehana geldiler. 3-nji ýeri Latwiýa eýeledi.Bobsleý boýunça zenanlaryň arasyndaky ikileýin ýaryşda-da Germaniýa öňe saýlandy.Amerikaly gyzlar 2-nji, kanadaly zenanlar bolsa, 3-nji orna mynasyp boldy.* Skeletonda erkeklerden ýer eýesi G.

Koreýanyň türgeni Sun-bin Ýun altyn, Russiýadan gatnaşýan olimpiýaçy Nikita Tregubow kümüş, B.Britaniýadan Dominik Parsons bürünç medal gazandy.Zenanlaryň arasynda ýeňiş Beýik britaniýaly Lizzi Ýarnoldyň tarapynda boldy.

Germaniýaly Jekuelin Lölling 2-nji, ýeňijiniň watandaşy Laura Deas 3-nji boldy.* Iki görnüşli lyža ýaryşlarynda 3 altyn medaly-da germaniýaly lyžaçylar gazandy.Uly tramplin 10 kilometr ýaryşynda Ýohannes Rydzek altyn, onuň watandaşlary Fabian Riessle kümüş, Erik Frenzel bürünç medala mynasyp boldy.

Adaty tramplin 10 kilometr bäsleşiginde Erik Frenzel 1-nji, ýaponiýaly Akito Watabe 2-nji, awstriýaly Lukas Klapfer 3-nji ýeri eýeledi.Estafeta uly tramplin 4×5 km bäsleşiginde Germaniýanyň topary münberiň çür depesine çykdy.

Norwegiýa bilenem Awstriýa 23-nji ýerlere mynasyp boldy.* Tramplinden lyžaly bökmek ýaryşlarynyň “K125” görnüşinde erkekleriň arasynda polşaly Kamil Stoh altyn medal gazandy. “K98”-de ýeňiji bolan germaniýaly Andreas Wellinjer 2-nji, norwegiýaly Robert Ýohansson 3-nji ýeri eýeledi. “K125” toparlaýyn bäsleşikde-de norwegler altyn, nemesler kümüş, polýaklar bürünç medal gazandy.* Snoubord kros ýaryşynda fransiýaly Pier Waltier Soçiden soň, Phýonçhanda-da altyn medala mynasyp boldy.

Awstraliýaly Jarrid Hýuz kümüş, ispaniýaly Regino Hernandes bürünç medaly eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Meşhur ýazyjynyň belli eseri ekranlaşdyrylar
Öňdebaryjylaryň uly hasaply ýeňişleri
Transfer täzelikleri
Çempion bolan topardan 9 oýunçyny çagyrdy
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar
Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?