Öňdebaryjylaryň uly hasaply ýeňişleri

Italiýanyň kubogy ýaryşynda 1/8 finalyň duşuşyklarynda faworit toparlar uly hasaply ýeňiş gazandy. “Lasio” Rimde “Nowarony” 41 ýeňdi.Oýunda Immobile 2 gezek tapawutlandy. “Milan” myhmançylykda “Sampdoriýany” goşmaça wagtda Patrik Kutroneniň (102, 108) geçiren gollary bilen 20 utdy. Şol hasap bilen “Ýuwentus” hem “Bolonýadan” üstün çykdy (Bernardeski 9, Kin 49). “Torino” bilen “Fiorentinanyň” arasyndaky oýunda-da şol netije hasaba alnyp, myhmançylykdaky topara Federiko Kiesanyň soňky minutlardaky (87, 90+2) gollary ýeňiş getirdi. 20 hasaby bilen tamamlanan beýleki 2 duşuşykda-da “Napoli” “Sassuolony” (Milik 15, Fabian 74), “Atalanta” bolsa, myhmançylykda “Kaliarini” ýeňlişe sezewar etdi (Zapata 88, Pasaliç 90+3). “Inter” öz meýdançasynda 2-nji liganyň wekili “Benewentony” 62 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda Kandrewa bilen Hawier Martines 2 gol geçirdi.Patrik Şik (2), Markano we Pastoreniň gollary bilen 3-nji liganyň topary “Wirtus Entellany” 40 ýeňen “Roma” çärýek finala çykdy. Çärýek finalda “Milan”“Napoli”, “Inter”“Lasio”, “Fiorentina”“Roma” hem-de “Ýuwentus”“Atalanta” duşuşyklary geçirilip, ol oýunlar 30-njy ýanwarda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi
Ozalky ýyldyz futbolçy aradan çykdy
Çempion bolan topardan 9 oýunçyny çagyrdy