Çempion bolan topardan 9 oýunçyny çagyrdy

Ýoahim Löw Braziliýa 2014-de çempion bolan ýygyndydan 9 oýunçyny Russiýa 2018-e hem çagyrdy.Mundan öňki çempionata Wisente Del Boske Günorta Afrika 2010-da çempion bolan Ispaniýadan 16 oýunçyny ýene-de düzüme goşupdy.736 oýunçynyň 53-si ozalky Dünýä Kubogynda gol geçirmegi başaran futbolçylardyr.

Tomas Mülleriň 10, Hames Rodrigesiň 6, Tim Kahilliň, Gonzalo Higuainiň, Lionel Messiniň hem-de Luis Suaresiň 5 goly bar.736 oýunçynyň arasynda Dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşyk geçiren oýunçylar Rafael Markes bilen Hawier Maskeranodyr.

Olaryň ikisi-de 16 gezek meýdança çykdy.Lionel Messi 15, Mesut Özil 14, Tomas Müller, Manuel Noýer, Serhio Ramos hem-de Kristiano Ronaldo 13 oýun geçirdi.2 futbolçy 12 ýyldan soň, ýene-de Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

Olar soňky sapar Germaniýa 2006-da çykyş eden Kosta rikaly Randall Azofeifa bilen polşaly Lukaş Fabianskidir.Fabianski şol çempionatda hiç bir duşuşykda-da oýnamandy.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
Öňdebaryjylaryň uly hasaply ýeňişleri
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy