Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi

Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiye bolmadan Ýewropanyň ygtybarly howpsuzlyk arhitekturasyny gurup bilmejekdigini we materigiň Ankarany goranyş we howpsuzlyk düzümlerine has giňişleýin ýagdaýda goşmalydygyny beýan etdi.

Çarşenbe güni Efiopiýadan gaýdyp gelýärkä uçarda metbugat işgärlerine beýanat beren prezident Erdogan Ýewropanyň Türkiye bilen has ýakyn integrasiýanyň öňüni alýan ideologiýa päsgelçiliklerini ýeňip geçmelidigini aýtdy.Türk goşunynyň NATO-nyň iň ukyply güýçleriniň biridigini nygtan Erdogan Türkiyäniň uzaklaşdyrylýan Ýewropanyň islendik howpsuzlyk arhitekturasynyň ýeterlik bolmajakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan: "Eger Ýewropa täze goranyş ulgamyny gurmagy maksat edinýän bolsa, Türkiyesiz ylalaşygyň ýeterlik däldigi aýdyňdyr" diýip, ol Ankaranyň ýerdäki mümkinçilikleriniň "diňe stoluň başynda gürleşýän" hyzmatdaş bolmakdan has öňdedigini habar berdi.

Afrika bilen gatnaşyklar

Erdogan Efiopiýa saparynyň üstünde durup geçip, Addis-Abebany Afrika bilen giň gatnaşyklar üçin möhüm gapy hökmünde häsiýetlendirdi we Türkiyäniň sebitdäki ynamy berkitmekdäki roluny, şol sanda Efiopiýa bilen Somaliniň arasyndaky araçylyk tagallalaryna ünsleri çekdi.

Erdogan Türkiýäniň Afrika bilen bagly syýasatynyň ekspluatasiýa däl-de, özara hormata esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlyk düşünjesine esaslanýandygyny belläp: "Türkiyäniň Afrikada kolonial geçmişi ýok" diýip, deňhukukly hyzmatdaşlyk we ynsanperwer diplomatiýa çemeleşmesiniň onuň materikdäki pozisiýasyny pugtalandyrandygyny mälim etdi.

Siriýada we Eýranda durnuklylyk

Siriýa bilen bagly Erdogan "terrorsyz Türkiye" we "terrorsyz zolak" ugrundaky tapgyrynyň seresaply, ýöne berk öňe gidýändigini we Siriýanyň içinde bolup geçýän wakalaryň Ankaranyň howpsuzlyk bilen bagly ileri tutýan ugurlaryny şöhlelendirmäge başlandygyny aýtdy. Türk edaradyr kärhanalaryň integrasiýa proseslerini ýakyndan gözegçilik edýändigini we ünsüň diňe bir söweşijiligiň howpsuzlyk ölçegine däl, eýsem onuň hukuk we syýasy köklerine gönükdirilendigini belledi.

Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk barada Erdogan Ankaranyň iki tarap bilen hem aragatnaşykda bolýandygyny we harby taýdan dartgynlylyga garşydygyny aýtdy.Eýranyň lideri bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite söhbetdeşlikler geçirendigini we dialogyň ýeke-täk mümkin ýoldugyny nygtaýandygyny habar berdi.

Eýrana gönükdirilen täze urşuň hiç kime peýda getirmejekdigini we sebitleýin durnuksyzlygy çuňlaşdyrjakdygyny duýduran prezident Erdogan: "Diplomatiýa mümkin boldugy saýyn umyt bar" diýip belledi.

Türkiye Gaza parahatçylyk maslahatyna gatnaşar

Erdogan Gaza meselesinde bu çaknyşygy "adamzadyň wyždanynyň synagy" hökmünde häsiýetlendirip, hemişelik ot açmagy bes etmek, yzygiderli ynsanperwer kömegini bermek we iki döwletli çözgüt tapgyrynyň täzeden janlanmagyna çagyrdy. Türkiyäniň geljekki parahatçylyk başlangyçlaryna gatnaşjakdygyny aýdan Erdogan, daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ankaranyň adyndan Gaza parahatçylyk maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi