Apple şereketi iPad Pro planşetleriniň täze neslini hödürledi

Apple şereketi iPad Pro planşetleriniň täze neslini hödürledi

Apple şereketi tehnologiýa önümleriniň ýazky tanyşdyrylyşynyň çäginde planşet kompýuterleriniň bäşinji neslini — iPad Pro enjamyny görkezdi. Täze iPad Pro planşeti Apple M1 prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr.

Uly iPad Pro planşetiniň matrisasy, adaty OLED displeýleriniň kemçiliklerinden mahrum bolan miniLED atly ynkylap tehnologiýasy bilen ýasaldy. Liquid Retina XDR displeýleriniň ýagtylygy 1000 nit.

Apple şereketi tarapyndan berlen beýana görä, Apple M1 prosessor bilen enjamlaşdyrylan planşetler bazardaky tizligi iň ýokary enjamlardan, hatda hasaplaýyş güýji taýdan köp kompýuterlerden öňe geçýär.

iPad Pro planşetleriniň daşaýjysynyň iň ýokary kuwwaty 2 TB, USB-C porty Thunderbolt 4 tehnologiýasyny goldaýar.

Bäşinji nesil iPad Pro planşetleriniň bäşinji nesil (5G) ykjam ulgamlarynda işlemegi goldaýan görnüşi bolar. Ýene bir täzelik, iPad Pro planşetleriniň täze 12 MP-lik öňdäki kamerasy bar.

Täze nesil planşetleriň satuwy maý aýynda başlar.

Ýene degişli makalalar

Şatumar HK durmuş himiýasy serişdelerini we parfýumeriýa önümlerini öndürýär
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Russiýa türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna iberilmeginiň “öňüni baglaýar”
12.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
Salwadorda Bitkoin siti şäheri gurlar