Ara Güler

Ara Güler

Halkara derejesinde-de tanalýan meşhur türk fotosuratçysy Ara Gülere “Stambulyň gözi” diýilýändigini bilýäňizmi?

Türkiýede fotosurat diýlende ýada düşýän adamlardan biridir Ara Güler. 1928-nji ýylda Stambulda dünýä inen meşhur fotosuratçy, 90 ýyllyk ömründe diňe Türkiýäniň däl, dünýäniň tanymal ussatlaryndan biridi.

Çagalyk ýyllarynda kino sungatyna köňül beren Ara Güler, liseýde okaýan ýyllarynda kakasynyň alan 35 mm-lik plýonkaly aparaty bilen fotohabarçylyga başlaýar. Şol döwürde kinostudiýalarda kino sungatynyň dürli ugurlarynda işleýär we teatr tälimini alýar. Stambul uniwersitetiniň ykdysat fakultetinde okaýarka žurnalist bolmaga karar berýär.

1961-nji ýylda Birtaniýada çap edilýän “Photographý Annual” ony dünýäniň ýedi fotosuratçysyndan biri diýip yglan edýär. Şol ýyl Amerikanyň Žurnal fotosuratçylary jemgyýetine kabul edilýär we onun Türkiýeden ýeke-täk agzasy bolýar.

Fotosurat dünýäsiniň meşhur neşirlerinde suratlary çap edilýär.ABŞ, Germaniýada we Fransiýada sergiler açýar.Bütin dünýäni gezip, fotoreportažlar alan ussat suratçy, Çarles De Gulle, Ismet Inönü, Winston Çerçil, İndira Gandi, Jon Berger, Bill Brand, Alfred Hitkok, Ansel Adams, Imojen Kunnşngam, Salwador Dali, Maria Kallas, Fikret Mualla, Pablo Pikasso ýaly meşhurlar bilen reportažlar geçirip, olary surata alypdyr.

Olaryň iň meşhury bolsa fotosuratçylara surat aldyrmadyk Pikassodyr.

2000-nji ýylda Fransiýada Ležion donner ordenine laýyk görülen Ara Güleriň fotusuratlarynyň käbirleri Fransiýanyň, ABŞ-nyň we Germaniýanyň muzeýlerinde sergilenýär.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
1,5 milliard dollara satyldy
Paýhaslar
Günorta Koreýa dünýäniň COVID-19-yň endemik boljak ilkinji ýurdy bolup biler
Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Geçen Bosgunlaryň Sany 2 Milliona Ýetdi
Prezident saýlawlaryna täze üç dalaşgär hödürlenildi