Araçy Katar Ysraýyl Hamas ýaraşygynyň 1-nji dekabra çenli uzaldylandygyny tassyklady

Araçy Katar Ysraýyl  Hamas ýaraşygynyň 1-nji dekabra çenli uzaldylandygyny tassyklady

Gazadaky alty günlük ynsanperwer arakesme tamamlanyp barýan mahaly, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk bir gün möhlet bilen uzaldyldy diýip, araçylyk edýän Katar 30-njy noýabrda tassyklady.

“Katar döwletiniň bilelikde araçylygynyň çäklerinde, palestin we ysraýyl taraplary Gazadaky ýaraşygyň möhletini öňki birmeňzeş şertlerde, ýagny ot açylmagynyň bes edilmegi we ynsanperwer ýardamyň girmegi şerti bilen, goşmaça bir gün möhlet bilen uzaltdy” diýip, Kataryň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Majed Al Ansari yglan etdi.

Katar Gazada penşenbe güni irden soňlanjak ýaraşygyň möhletini uzaltmak üçin, Müsüriň hem-de Birleşen Ştatlaryň hemaýatlary bilen, güýçli depginde gepleşikleri alyp bardy.

Bu aralykda, ysraýyl harbylary 10 ysraýyllynyň, dört taýland raýatynyň we iki russiýalynyň Hamas tarapyndan boşadylandygyny aýtdy.

Dowam edýän ýaraşygyň çäklerinde, Hamas 29-njy noýabrda zamunlykdaky 16 adamy Ysraýyl tarapyndan saklanylýan palestin tussaglarynyň öwezine boşatdy.

Ysraýyl harbylary 10 ysraýylly aýalyň we çaganyň hem-de dört taýland raýatynyň Ysraýyla dolanandygyny we olaryň öz maşgalalaryna gowuşandygyny aýtdy.

Biraz öň, aýrybaşga boşatmada iki sany rus asylly ysraýylly aýal ekstremist topar tarapyndan erkinlige goýberildi.

Gepleşikçiler ýaraşygy mundan beýläk-de uzaltmagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşýan mahaly, Ysraýyl soňky alyşmada 30 palestinaly tussagy boşatmalydy.

Alty günlük ýaraşygyň dowamynda, çarşenbe güni boşadylan zamunlar bilen bilelikde, jemi 73 ysraýylly, şol sanda goşa raýatlygy bolan adamlar erkinlige goýberildi. Başga-da 24 zamun şol sanda 23 taýland raýaty we bir filippinli hem boşadyldy. Ot açmagyň bes edilmeginden öň, Hamas zamun alnan dört adamy boşatdy, ysraýyl goşuny hem bir zamuny halas etdi. Iki zamun Gazada öli tapyldy.

Şeýle-de, şu wagta çenli Ysraýylyň türmelerinden 180 palestinaly boşadyldy.

Geçen hepdede ýaraşyk ylalaşygy başlanaly bäri, iki tarap hem aýallary we çagalary boşatmagy dowam etdirýärler.

Ýaraşygyň dowam etdirilmegi Ysraýylyň ýesir alnandyklaryny aýdýan 126 erkek raýatynyň, şol sanda onlarça esgeriniň boşadylmagy boýunça geçiriljek berk gepleşiklere garaşly bolup durýar.

Ýesir alnan erkek adamlaryň, hususan-da esgerleriň öwezine Hamasyň palestinaly erkek adamlaryň, ýa-da tanymal tussaglaryň boşadylmagyny talap etmegine garaşylýar. Bu şerte Ysraýylyň garşy çykmagy mümkin.

ABŞ we ÝB tarapyndan terror topary diýlip kesgitlenen Hamas 7-nji oktýabrda Ysraýyla hüjüm edip, Gaza zolagynda weýrançylykly urşuň başyny başlady. Ysraýyl bu hüjümde Hamas söweşijileriniň aglaba bölegi asuda raýatlardan bolan 1200 çemesi adamy öldürendigini we 240 töweregi adamy zamun alandygyny aýtdy. Zamun alnanlaryň arasynda aýallar, çagalar, esgerler, uly ýaşly adamlar we taýlandly ekerançylyk işçileri bar.

Ysraýylyň Gazada müňlerçe palestinalyny öldüren takmynan sekiz hepdelik bombalamalaryndan we guryýer kampaniýasyndan soňra, ot açylmagynyň tiz wagtda bes edilmegi boýunça halkara çagyryşlar ýokarlandy.

Ysraýyl guryýer hüjüminde özüniň 77 esgeriniň öldürilendigini aýdýar.

Ysraýyl soňky günlerde onlarça zamunyň boşadylmagyna hoşallyk bildirdi we, eger Hamas ýesirleri erkinlige goýbermegi dowam etdirse, ýaraşygy saklajakdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"