Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan Kataryň Emiri bilemn telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Kataryň Emiri Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Katar gatnaşyklary, global we sebitleýin meseleler bilen Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşyldy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidan Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, sebitdäki soňky wakalar, Gazadaky soňky ýagdaý, Kipr meselesi we Gara deňizde gämi gatnawynyň howpsuzlygy hakynda pikir aşlyşandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Eýran-Ysraýyl dartgynlygy ýüze çykandan soň MHG-nyň Başlygy Kalynyň kapysyny kakdy” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy İbrahim Kalynyň Merkezi razwedka gullugynyň Başlygy Uiliam Borns bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi hakynda pikir alyşandygyny mälim edýär.

Borns Kalyna Oraza baýramynda telefon edip, Eýranyň Ysraýyla hüjümleri boýunça töwellaçy bolmagyny isledi.Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy Kalyn soň Hamasyň Syýasy býurosynyň Başlygy Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde hüjümleriň bes edilmegi boýynça gepleşikler, gazalylaryň öýlerine dolanmaklary, sebitde ynsanperwer kömekleriniň ýetirilmegi we ýesirleriň çalşygy hakynda pikir alyşdy.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimlisi boldy” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinin 1-7-nji aprel aralygynda ortaça 1412 uçuş bilen ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolandygyny ýazýar.

Star” gazeti “Akram: Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk bu döwürde iňňän möhüm” söz başyly habarynda, Türkiýe-Pakistan gatnaşyklary hakynda beýannama beren Pakistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekili Munir Akramyň “Hyzmatdaşlygymyz näbellilikleriň we durnuksyzlyklaryň höküm sürýän döwürde hem Ýewropa, hem Ýakyn Gündogar hem-de Aziýa üçin iňňän möhüm” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä howa sammitine gatnaşýar
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazada Müňlerçe Çaga Öldi
Guterriş Hüjümleriň Dessine Bes Edilmegine Çagyrýar
Halkara Jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň Hüjümlerine Garşylygy Güýçlenýär