Halkara Jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň Hüjümlerine Garşylygy Güýçlenýär

Halkara Jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň Hüjümlerine Garşylygy Güýçlenýär

“Günde onlarça çaganyň ölýäň ýeri bolan Gaza şäheriniň çagalar üçin gonamçylyga öwrülendigin nygtan Guterriş; “Gazadaky halkara ynsanperwer hukugynyň aç-açan basgylanmagyna alada bildirýäris” diýdi.

Sebitde hüjümleriň dessine bes edilmeginiň zerurdygyny aýdan Guterriş, BMG-niň we ýaranlarynyň Gazadaky hem-de Şeriadaky 2,7 million adam üçin 1 milliard dollardan gowrak ynsanperwer kömek çagyryşyny başladandygyny habar berdi.

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bolsa Ysraýylyň ÝB-ne elmydama dosty we ýarany bolandygyny nygtady. Emma Mişel asuda ilatyň bombalanmazlygy üçin ähli degişli çäräniň görülmegi üçin çagyryş etdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň geçen hepde guralan sammitinde hüjümleriň bes edilmegi üçin berilen çagyryşy ýene-de bir gezek gaýtalan Mişel, geljekdäki durnukly parahatçylygyň diňe iki döwletli esasda gepleşikler arkaly ýola goýuljakdygyny nygtady.

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bolsa Gazadaky ýagdaýa çuňňur alada bildirýändiklerini beýan etdi.

Stoltenberg sebitdäki hüjümlerde asuda ilatyň goralmagynyň hökmanydygyny aýtdy.

Alžiriň Prezidenti Abdulmajid Tabbun hem “Ysraýyl Halkara jenaýat kazyýetinde jenaýat işine çekilmeli” diýip, palestinalylara garşy edilýän jenaýatlaryň onlarça ýyldan bäri jezasyz galmagynyň indi bes edilmelidigine ünsleri çekdi.

Birleşen Arap Emirlikleri hem Gaza Sektorunda doly üpjünçilikli göçme hassahana gurjakdygyny habar berdi.

Ysraýylyň Gaza hüjümleriniň başlagyndan soň 7-nji oktýabrdan bäri 6-njy gezek jemlenşen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi ýene-de ylalaşyk gazanyp bilmedi.

Geňeş ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän BMG-niň Ştab kwartirasynda metbugata ýapyk häsýetde jemlenşdi.

Mejlisden soň metbugata beýannama beren ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň orunbasary Robert Wud “Häzirki wagtda hiç hili ylalaşyk gazanylmady” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar