Aragçi: Biz Orsýet bilen dürli derejelerde ýakyn syýasy maslahatlar geçirýäris

Aragçi: Biz Orsýet bilen dürli derejelerde ýakyn syýasy maslahatlar geçirýäris

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Moskwadaky Migimo uniwersitetinde eden çykyşynda Tähranyň Moskwa bilen dürli derejelerde ýakyn syýasy maslahatlar geçirýändigini yglan etdi.

Tasnim habar agentliginiň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Moskwa uniwersitetinde eden çykyşynda şeýle diýdi: Biz garşylyk görkezmek kararyna geldik we goranmak we raketa mümkinçilikleri bilen birlikde mümkinçiliklerimizi ulandyk. Ýaragly güýçlerimiz aýgytly jogap berdi. Eýranyň asmany duşmanyň elinde diýilse-de, ýöňe basyp alnan territoriýalaryň asmany hem Eýranyň raketalarynyň elinde diýilmedi.

Ol sözüni dowam etdilrip ahyrsoňy, Eýran milletiniň garşylygynyň netijesinde, beýleki tarap şertsiz ot açyşlygy bes etmäge razy boldy. Bu tejribe häzirki halkara ulgamynda ýurtlaryň güýçli bolmakdan başga çäresi ýokdugyny görkezýär. Bu Eýran-Orsýet hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir; gegemoniýa we zorlukly hereketlere garşy özara goldaw.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy şeýle hem bu uruşda Eýrany goldan we hüjümleri ýazgaran Orsýete, Hytaý we başga-da köp ýurtlara minnetdarlyk bildirýäris. Bu goldaw Eýran-Orsýet gatnaşyklarynda hiç haçan ýatdan çykmajak taryhy nokadydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri şeýle-de biz Orsýet bilen ýakyn syýasy maslahatlary geçirýäris, dürli derejelerde yzygiderli duşuşyklar geçirýäris we iri ykdysady taslamalary amala aşyrýarys. Olaryň iň möhümleriniň biri Demirgazyk-Günorta geçelgesidir, ol Orsýeti Pars aýlagy we Hind ummany bilen baglanyşdyrmakda möhüm rol oýnar we harytlaryň daşalmagyny has çalt we arzan eder.

Aragçi sözüniň dowamynda Orsýet Buşehrde Eýranyň ilkinji ýadro elektrik stansiýasyny gurdy we bu elektrik stansiýasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi we biz onuň indiki tapgyrlary barada gepleşik geçirýäris diýip sözlerine goşdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranly deputat: Tähran-Aşgabat gaz hyzmatdaşlygy Eýrany energiýa merkezine öwrüp biler
Aragçi sionistleriň kanun bozmalarynyň netijeleri barada duýduryş berdi
Kabul: Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurdyr
Aragçy: Goňşy ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklar örän ýokary derejede
Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi
Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler