Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär

Şu günler Daşoguz welýatyndaky Bötendag alaňynda ak we gara sazak, çerkez, gandym we beýleki agaçlary ekmek boýunça güýzki çäreler amala aşyrylýar.Bu ýerde ýurduň tokaýçylyk hojalyklarynyň müdirlikleriniň işgärleri işleýärler, ýörüteleşdirilen tehnikalar ulanylýar.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan möwsümleýin çäreler sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.Güýzki nahal oturtmak işleriniň barşyna Bötendag alaňynda gök nahallary oturtmak boýunça ýörüte döredilen direksiýa gözegçilik edýär.

Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli we aýawly peýdalanmak- döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr. Suw üpjünçiligi, ekin dolanşygyny oňaýlaşdyrmak, ekin meýdanlarynyň meliorasiýasy, şorlaşan ýerleri dikeltmek, zeýkeşleri kadaly ýagdaýda saklamak meselelerini çözmeklige ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Häzirki wagtda döwlet tarapyndan ekologiýa meselelerini çözmek boýunça iri möçberli taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Daşoguz welaýatyndaky Sarygamyş kölüniň gündogar kenarynda Aral sebitinden tozanyň we duzlaryň ýurda gelmeginiň öňüni almaga niýetlenen arada durýan tokaý zolagynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.Oňa 20 müň gektar ýer bölündi. Şu güne çenli bu ýerde uly möçberli işler geçirildi.

Bagçylyk işleri boýunça türkmen alymlarynyň işläp taýýarlan maslahatlary esasynda dokuz müň gektara golaý ýerde duzlaşmaga durnukly we topragy berkidiji agaçlar ekildi.Bötendag alaňynda iri möçberli ekologiýa taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin elektrik geçiriji liniýalaryň dokuz kilometri, otuz sekiz kilometrden gowrak suwaryş ulgamlary geçirildi, kuwwatly täze transformator oturdyldy, wagtlaýyn nasos bekedi guruldy.

Ýene degişli makalalar

Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele
Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
Goraghana goragy