Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Tehnologiýalr merkezinde geçirirlen tegelek stolda“ ýurdumyzyň Aralyň täsirine düşen ýerleriniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistan YA-nyň institutlarynyň,Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň pudaklaýyn YBI-leriniň hünärmenleri, şeýle hem agrar we lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň alymlary daşky gurşawy , biologik köpdürliligi we ekologiýa ylgamlaryny goramak boýunça netijeli iş alyp barýarlar, ýerleriň çölleşmegine we ekin dolanşygyndan ulanyşdan galmagyna garşy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýarlar.

Aralyň töwereginde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak bu ugurdaky işiň möhüm ugurlarynyň biridir.Häzirki wagtda suwdan we tebigatdan peýdalanmak, oba hojalygyny ýöretmek, energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmak babatda täze tehnologiýalary we amallary işläp taýýarlaýarlar.

Bu ugra forumyň barşynda syn berildi.

Hususan-da, Bötendag gyrynyň töwereginde 20 gektar ýerde tokaý döretmek barada habar berildi, bu ýerde eýýäm 8 gektar ýerde bag oturdyldy, şeýle hem Türkmen kölüniň golunyň töweregindäki Akýaýla diýen ýerde ýerli çöl ösümlikleri ekildi.

Oba we suw hojalyk ministrliginiň Türkmensuwtaslama“ ylmy-önümçilik institutynyň hünärmeni Gurban Hommadow golaýda kabul edilen Türkmenistanyň Suw hakyndaky“ Kodeksiniň suwdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa ýagdaýy jähtinden ähmiýetini nygtady.Oba hojalyk instiutynyň (Daşoguz ş.) mugallymy Merdanbeg Piriýew gymmatly iýmlik ekiniň-afrikan darysynyň üstünlikli ýetişdiriliş tejribesi barada gürrüň berdi.

Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde üç gektar ýerde ekilen bu ekinden gowy iým we tohum alyndy.

Matymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy Nurberdi Nurberdiýew Aralyň düýbünden şemal arkaly gelip Daşoguz welaýatynyň günbataryna düşýän çägeli-duzlary öwrenmegiň netijeleri barada gürrüň berdi.Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň işgäri Arazmyrat Amanow Türkmenistanyň demirgazygyndaky Sarygamyş, Uzynşor, Zeňňi baba köllerine, şeýle hem Türkmen kölüniň zeýkeşlerine Aral sebitinden göç eýleýän guşlar barada maglumat bilen çykyş etdi.

Fizija-matematika ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistan YA-nyň Gün energiýasy institutynyň kafedra müdiri Dowulbaý Melebaýew gün radiasiýasynyň ultramelewşe şöhlesiniň adamlaryň saglygyna täsirini ölçeýän enjam döretmek boýunça alnyp barlýan işler barada aýtdy.

Bilim ulgamynyň wekili Sapargeldi Durdyýew ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň ugurlaryna ünsi çekdi.

Forumyň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, türkmen alymlarynyň wajyp teklipleri Aral deňziniň töweregindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň (PBAM-4)taslamasyny taýýarlamakda ulanylyp bilner, onuň işlenilip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýene degişli makalalar

Goraghana goragy
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele
Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär
Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
27.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi − tükeniksiz baýlyk