Arap döwletleri Serdar Berdimuhamedowy gutladylar

Arap döwletleri Serdar Berdimuhamedowy gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed al Nahaýýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid al Maktum, Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammad Ýunus al-Manfi täze, 1444-nji hijri-kamary ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlag hatlaryny ýolladylar. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hatlary iberenler tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Beýik Allatagaladan Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa ýagşylyk, rysgal-bereket, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk dileýändiklerini beýan edýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy