Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler

Ýene-de 3 ýyldan Demirgazyk Amerikada geçiriljek FIFA Dünýä Kubogynyň Günorta Amerika saýlama zolagynda 5-nji duşuşyklar geçirildi.

Dünýä futbolynyň öňdebaryjy 2 ýygyndysy, Dünýä Kubogynyň häzirki eýesi Argentina bilen Braziliýa özara duşuşygyň öňüsyrasynda ýeňlişe sezewar boldular.

Argentina öz meýdançasynda Urugwaýdan 2-0 hasabynda asgyn geldi.Myhmanlara ýeňiş getiren gollary 41-nji minutda Roland Arauho hem-de 87-nji minutda Darwin Nunýes geçirdi. Şunlukda, 2023-nji ýyla geçip, ilkinji gezek utulan Argentinanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 25 oýundan soň ýeňildi.

Argentinanyň ýygyndysy umumylykda 14 oýundan bäri ýeňilmän gelýärdi.Olar soňky gezek Katar 2022-de Saud Arabystanyndan utulypdylar.

Braziliýanyň ýygyndysy bolsa myhmançylykda Kolumbiýa bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda braziller 4-nji minutda Gabriel Martinelliniň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne Kolumbiýanyň ýygyndysy ruhdan düşmän hüjüm baryny etdi.

Netijede, oýnuň 75-nji hem-de 79-njy minutlarynda, ýagny 4 minutda 2 gol geçiren Luiz Diaz Kolumbiýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.Golaýda betbagtçylygy başdan geçiren oýunçynyň kakasy hem tribunada oglunyň 2 golunda-da gözýaş döküp, begenjini paýlaşdy. Şeýlelikde, Braziliýanyň ýygyndysy yzly-yzyna 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Luiz Diaz çilili Umberto Suasodan soň (2009) DK-nyň saýlama tapgyrynda Braziliýanyň derwezesinden 2 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Olar mundan öňki tapgyrda Urugwaýdan ýeňlipdiler. Ilki Braziliýany, soňra-da Argentinany ýeňen Urugwaýyň ýygyndysy 2-nji orna beýgeldi. Argentinanyň ýygyndysy 12 utuk bilen sanawyň başyny çekýär. Braziliýanyň ýygyndysy DK-niň saýlama tapgyrynda ilkinji sapar yzly-yzyna 2 duşykda ýeňildi. Urugwaýyň ýygyndysy 63 ýyldan soň ilkinji gezek 1 ýylyň dowamynda hem Braziliýany, hem-de Argentinany ýeňmegi başardy.

Argentina bilen Braziliýanyň ýygyndylary Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň taryhynda 2-nji gezek ikisi-de 1 günde ýeňlişe sezewar boldular. Mundan öň 2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Braziliýa Çiliden, Argentina bolsa Ekwadordan 2-0 hasabynda asgyn gelipdi.

Çili Paragwaý, Wenesuela Ekwador duşuşyklarynda hasap açylmady. Boliwiýa bolsa öz meýdançasynda Perunyň ýygyndysyny H. Wakanyň hem-de R. Wakanyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi.

6-njy duşuşyklarda Braziliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Argentinanyň ýygyndysyny kabul eder. Duşuşyk 22-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen daňdan 05:30-da başlar.

Ýene degişli makalalar

Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Netflix 2024-nji ýylyň filmleri bilen tanyşdyrdy
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi