Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek

Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda 6-njy duşuşyklar geçirildi.Tapgyryň iň esasy duşuşygy Rio de Žaneýrodaky Marakana stadionynda bolup geçdi.Argentinany kabul eden Braziliýa çempiondan 1-0 hasabynda asgyn geldi.

Stadionda janköýerler bilen gulluk güýçleriniň arasynda çykan wakalar sebäpli Lionel Messi we topardaşlary meýdançany terk etdi.Taraplaryň köşeşip, ylalaşmagynyň netijesinde 30 minuda golaý giç başlan oýunda Argentina 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Tangoçylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 63-nji minutda Nikolas Otamendi geçirdi.Dartgynly geçen oýnuň 81-nji minutynda braziliýaly Žoelinton gyzyl kart aldy. Şunlukda, Braziliýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Sambaçylar mundan öňki 64 oýunda 51 gezek ýeňiş gazanyp, 13 sapar hem deňme-deň oýnapdylar (17329 gol).Braziliýanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda yzly-yzyna 3 oýunda utuldy.

Braziliýanyň ýygyndysy mundan öňki öz meýdançasyndaky 64 oýnuň diňe 5-sine gol geçirip bilmedi. 2004-nji ýylda Kolumbiýa, 2008-nji ýylda Argentina, Boliwiýa, Kolumbiýa hem-de 2009-njy Wenesuela bilen geçirilen duşuşyklar golsuz tamamlanypdy.

Beýleki duşuşyklarda-da Urugwaý öz meýdançasynda Boliwiýany Nunýesiň (15, 71) hem-de Wilýamilliň (39 ö.d.) gollary bilen 3-0 hasabynda utdy. Kolumbiýa myhmançylykda Paragwaýy (Borre 11 p), Ekwador hem Çilini (Mena 21) 1-0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Peru bilen Wenesuela hem Ýotun (17) we Sawarinonyň (54) gollary esasynda utuklary paýlaşdylar (1-1).

Urugwaý Boliwiýa: 3-0, Paragwaý Kolumbiýa: 0-1, Ekwador Çili: 1-0, Braziliýa Argentina: 0-1, Peru Wenesuela: 1-1

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Tangomy ýa-da Samba?! Argentina-Braziliýa finaly
Messi arzuwyna ýetdi
Kopa Amerikada finalyň ady: ArgentinaBraziliýa
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler