Messi arzuwyna ýetdi

Günorta Amerika yklymynyň futbol çempionaty Kopa Amerikada Argentinanyň ýygyndysy çempion boldy.Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherindäki meşhur Marakana stadionynda oýnalan finalda Argentina bilen Braziliýanyň ýygyndylary duşuşdylar.

Dargtynly geçen oýunda Argentinanyň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Tangoçylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly Rodrigo De Paulyň pasyndan soň, Anhel Di Mariýa derwezeçiniň üstünden derwezä gönükdirdi. Şeýlelikde, Argentinanyň ýygyndysy 28 ýyldan soň, Kopa Amerikada çempionlyk gazandy.

Bu olaryň 15-nji çempionlygy bolup (1921, 1925, 1927, 1929, 1937, 1941, 1945, 1946, 1947, 1955, 1957, 1959, 1991, 1993, 2021) tangoçylar Urugwaýyň rekordyna şärik boldular.Toparyň kapitany hem super ýyldyzy Lionel Messi bolsa, milli ýygyndydaky ilkinji kubogyny asmana göterdi.

Ol çempionatyň iň gymmatly oýunçysy hem-de iň netijeli futbolçysy baýraklaryna laýyk görüldi.Messi çempionatda 4 gol geçirip, 5 goluň pasyny berdi.

Öz meýdançasynda asgyn gelen Neýmarly Braziliýanyň ýygyndysy 12-nji gezek kümüş medala mynasyp boldy.

47-nji Kopa Amerika ýaryşynda bürünç medal ugrundaky oýunda Kolumbiýanyň ýygyndysy Perunyň ýygyndysyny 3-2 hasabynda ýeňip, 5-nji gezek 3-nji ýeri eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Tangomy ýa-da Samba?! Argentina-Braziliýa finaly
Kopa Amerikada finalyň ady: ArgentinaBraziliýa
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Argentina dünýä çempiony boldy
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde