Kopa Amerikada finalyň ady: ArgentinaBraziliýa

Braziliýada geçirilýän Kopa Amerikada ikinji finalçy Argentinanyň ýygyndysy boldy.Tangoçylar bu ugurda ýarym finalda Kolumbiýanyň ýygyndysyny penaltilerden soň ýeňlişe sezewar etdi. 7-nji minutda Lautara Martines argentinleri öňe saýlady. 61-nji minutda-da Luis Diaz hasaby deňledi. Şeýlelikde, esasy we goşmaça wagty 1-1 deňlikde gutaran oýunda penaltilerde 3-2 öňe saýlanan Argentinanyň ýygyndysy 29-njy gezek finala çykmagy başardy.

Argentinler mundan öňki 28 finalyň 14-sinde çempion bolupdylar.Argentinanyň ýygyndysy finalda köne bäsdeşi Braziliýa bilen duşuşar. “Marakanada” oýnaljak Argentina-Braziliýa finaly 11-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 06:00-da başlanar.

Bu olaryň özara Kopa Amerikadaky 4-nji finaly bolar.Mundan öňki 3 finalyň 2-sinde Braziliýa ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Messi arzuwyna ýetdi
Tangomy ýa-da Samba?! Argentina-Braziliýa finaly
Final: Braziliýa—Peru
Futbolyň şasy Pele 80 ýaşady
Braziliýanyň ýygyndysynda uly mesele
Peläniň futbol karýerasy