Argentinadaky ÝUNESKO-nyň seýilgähinde ýangyn tutaşdy

Argentinadaky ÝUNESKO-nyň seýilgähinde ýangyn tutaşdy

Argentinada özboluşly gadymy tokaý ýanýar. Ýangyn eýýäm Los-Alerses milli seýilgähiň iki müň gektaryna golaýyny ýok etdi. Bu ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna giren tokaýyň 80 göterimidir diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýangyny eýýäm bir hepde bäri söndürmäge jan edýärler, emma onuň meýdany barha ulalýar. Ody öçürmäge 350 adam, üç dikuçar we üç sany uçar çekildi.

Ýanýan ýerlere uçarmansyz uçarlar hem suw dökýärler. Emma hünärmenleriň işine alaw we güýçli şemal päsgel berýär.

Milli seýilgähiň esasyny ýitip ýok bolup barýan fisroýýa agajy tutýar. Ol dünýäde iň uzak ýaşaýan daragt bolup, beýikligi 57 metre, ýaşy 2600 ýyla deňdir.

Ýene degişli makalalar

Argentinanyň Los-Alerses milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e ýetdi
Nýu-Delide Zibil Eweresti ýandy
Erbilde Taryhy Bazar Ýandy
Çilidäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sany 132 adama ýetdi
Çilidäki tokaý ýangynlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar
Çilidäki Tokaý Ýangynlarynda Ýogalanlaryň Sany Artdy