Argentinanyň Los-Alerses milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e ýetdi

Argentinanyň Los-Alerses milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e ýetdi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Argentinanyň Los Alerses milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e çenli, ýagny 1893 gektardan gowrak ýere baryp ýetdi. Bu barada Nacion çeşmesine salgylanyp, Gazeta.ru habar berýär.

Ýangyn seýrek duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýan esasy tokaýyny gysga wagtda gurşap aldy. Howanyň ýokary temperaturasy we güýçli ýeliň öwüsmegi bolsa ony söndürmegi barha kynlaşdyrýar.

Los Alerses milli seýilgähi Argentinanyň günortasynda ýerleşýär. Ol 1937-nji ýylda seýrek duşýan ösümlikleri we haýwanlary goramak maksady bilen döredildi. Seýilgähiň tokaý massiwiniň esasyny — Patagon kiparisi diýlip atlandyrylýan fisroýlar düzýär. Seýrek duş gelýän bu ösümlikleriň ýaşy birnäçe müň ýyldan geçýär.

Ýene degişli makalalar

Argentinadaky ÝUNESKO-nyň seýilgähinde ýangyn tutaşdy
Syýahatçylara ylham berýän peýzažlar
Erbilde Taryhy Bazar Ýandy
Serbiýadaky we Bosniýa-Gersegowinadaky söwda merkezilerinde ýangyn boldy
Türkmenabatda howpsuzlyk güýçlendirilip, hereket çäklendirildi
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy