Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi

Arkadag şäheri  akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi

2-nji iýulda Türkmenaragatnaşyk agentliginiň we Arkadag şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Arkadag şäheri — akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahaty geçirildi.

Halkara maslahaty Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda we Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Halkara maslahata daşary ýurtly alymlar, bilermenler, işewür adamlar, şeýle hem Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (ITU), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň, Wastoçnyý Weter ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Kazaktelekom PJ-niň, Huawei Technologies, Nokia, Yutong International Co., Ltd, DeltaTelecom, Sony, NEC Communication and Information Technologies Ltd, Rostelekom, Kamaz, Kaspersky, Tales Alenia Space, SSI-MONACO S.A.M, Terralink Global, Cisco, Elsewedy Elektric, Hyundai Corporation, Sumitomo Corporation ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Maslahata halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanda Akylly şäher we Akylly öý ulgamlarynyň mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmak, bu ulgama daşary ýurt maýa goýumlary çekmek, döwrebap tehnologiýalary we taslamalary ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy ýaly meseleleri öz içine alýan halkara maslahatyň giň maksatnamasyna laýyklykda, öz çykyşlary bilen gatnaşmaga isleg bildiren we çagyrylan ýerli we daşary ýurtly alymlaryň, bilermenleriň, işewür adamlaryň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleriniň onlarçasy täsirli çykyşlary bilen gatnaşdylar.

Hususan-da, Hyundai Corporation kompaniýasynyň Wise Prezidenti Ýun Suk Çoý, Kaspersky kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça söwda direktory Waleriý Zubanow, Tales Alenia Space kompaniýasynyň Halkara ösüş — Strategiýa we işewürligi ösdürmegiň direktory Bernard Hepp, SSI-MONACO kompaniýasynyň Prezidenti we Baş direktory Ilhami Aýgun, East Wiinde ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory Boris Bubnow, Terralink Global kompaniýasynyň direktory Oleg Zolotarew akylly we ýaşyl şäherler üçin tehnologiýalar we täze çözgütler barada çykyş etdiler.

Şeýle hem halkara maslahata East Winde, Kazaktelekom, Huawei Technologies, Nokia, Yutong International, Delta Telecom, Sony, NEC, Rostelekom, Kamaz, Kaspersky, Tales Alenia Space, SSI-MONACO, Terralink Global, Cisco, Elsewedy Elektric, Hyundai Corporation, Sumitomo Corporation ýaly kompaniýalaryň wekilleri göni sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Halkara maslahaty iki mejlisde, ýagny Akylly we ýaşyl şäherler — şäher infrastrukturasyny durnukly we netijeli ösdürmegiň girewi hem-de Akylly we ýaşyl şäherler üçin tehnologiýalar hem-de çözgütler ýaly görnüşde geçirildi.

Halkara maslahatda Arkadag şäheriniň artykmaçlyklary we ýetilen sepgitler; akylly we ýaşyl şäherleriň, ykdysady ösüşe ýardam berýän, durmuş derejesini ýokarlandyrýan we häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün edýän, durmuş üçin durnukly, netijeli we amatly şäher gurşawyny emele getirişiniň mümkinçilikleri; akylly tehnologiýalar — raýatlaryň gündelik durmuşyna täsiri we peýdasy; şäher taslamalary we ygtybarly arhitekturasy; internet zatlar we birikdirme mümkinçilikleri; energiýa çeşmeleriniň özara birikmesi; akylly ulag ulgamy; şäher maglumatlaryny gaýtadan işlemek we seljermek; maglumat goraglylygy we kiberhowpsuzlyk ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar edildi.

Ýokary guramaçylykly we netijeli geçirilen halkara maslahaty halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemlemek bilen, kommunikasiýa pudagy üçin täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we bar bolan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýumlary çekmäge, täze akylly şäherleri gurmaga we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmentel 2022 halkara sergisi
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi